«Renault» täzelenen logotipini tanyşdyrdy

  • 16.03.2021 00:42
  • 8.7k+

«Renault» öz logotipini resmi taýdan täzelenýändigini mälim etdi. Munuň özi awtoulag pudagynda ýylyň başyndan bäri dördünji täze logotipdir. Ondan öň “Kia”, “General Motors” we “Peugeot” öz logotiplerini üýtgedipdiler diýip, vesti.ru habar berdi.

Aslynda bu logotip ýanwar aýynda "Renault 5" konsepsiýa awtoulagynda görkezilipdi. "Renault"-da ýetmişinji, segseninji ýyllarda hem edil şuňa meňzeş logotip bolupdy diýip, çeşme belleýär.
Rebrendinge “Renault”-yň dizaýneri Žil Widalyň ýolbaşçylyk edendigi resmi taýdan yglan edildi, ýöne ol ýaňy bir geçen güýzde “Renault” toparyna goşulypdy. Täzelenen logotip bolsa 2019-njy ýyldan bäri işlenip gelinýärdi.
“Renault” 1899-njy ýylda döredildi. Täze logotip onuň taryhda dokuzynjy nyşany bolup, onda romb ilkinji gezek 1925-nji ýylda ulanyldy. Ýakyn geljekde täze logotip markanyň web sahypalarynda we mahabat materiallarynda peýda bolar. Emma awtoulaglarda we awtosalonlarda welin diňe 2022-nji ýylda ulanylyp başlar. 

düýn 15:03
929

Xiaomi SU7 elektrokary bir zarýadda 1313 km ýol geçdi

Xiaomi kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýun Xiaomi SU7 elektromobilini synagdan geçirip, Pekin — Şanhaý ugry boýunça 1313 kilometr ýol geçdi....

düýn 14:57
2.5k+

Toyota Land Cruiser 70-iň Urban Heritage Style atly görnüşini tanyşdyrar

Toyota konserni Tokioda geçiriljek Field Style sergisine gabatlap, Land Cruiser 70 wnedorožniginiň täze görnüşini çykarmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi....

düýn 11:32
2.1k+

Hytaýda ulaglaryň heläkçilik synaglarynyň usulyýeti düýpli berkidiler

Hytaýyň awtomobil tehnologiýalary we barlaglary merkezi (CATARC) «C-NCAP» usulyýeti boýunça kraş-testleriň (heläkçilik synaglarynyň) täze, has berk maksatnamasynyň ornaşdyryljakdygyny yglan etdi. Bu täze......

düýn 11:08
1.6k+

Toyota maliýe ýylynyň jemleri boýunça dünýädäki satuwyny 10,48 mln awtoulaga ýetirdi

Toyota kompaniýasy 2025-nji maliýe ýylynyň jemleri boýunça dünýä bazarynda 10,48 million ulag satyp, soňky iki ýylyň iň ýokary görkezijisine ýetdi we öňki ýyl bilen deňeşdirilende satuwy 2% artdyrdy. Şol bir......