Aýallar erkeklere garanyňda "pikiriňi okamaga" has ukyply bolup çykdy

  • 14.02.2021 17:07
  • 11k+

Bat, Kardiff we London uniwersitetleriniň psihologlary adamlaryň beýlekileriň hakykatdanam näme pikir edýändiklerine näderejede düşünýändiklerine baha bermek maksady bilen, ilkinji gezek “pikiri okamak üçin anketany” işläp taýýarladylar. Onuň netijesinde, aýallaryň özlerini başga biriniň ýerine goýup görmäge has ökdedigi ýüze çykdy diýip, profile.ru habar berdi.

4000 adamyň, şol sanda autizmli adamlaryň gatnaşmagynda geçirilen täze ylmy barlagda hünärmenler "pikir okamak" boýunça test döretdiler. Dört basgançakly ýönekeý anketanyň netijeleri 4-16 bal aralygynda (4 - pikir okamak ukybynyň pesligi; 16 - gowy) bahalandyryldy. Testleri gaýtadan işlemegiň netijesinde, ortaça bal 12 bilen 13 aralygynda boldy.
Netijede, aýallaryň erkeklere garanyňda "pikiri okamaga" has ökdedigi anyklandy diýip, MedicalXpress habar berýär. “Bir minutdanam az wagt alýan bu täze test kliniki ähmiýete eýedir"-diýip, işiň awtorlarynyň biri Reýçel Klatterbak aýtdy.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......