“Barselonanyň” koronawirus pandemiýasy sebäpli bergisi bir milliard ýewrodan geçdi

  • 27.01.2021 21:28
  • 9.1k+

26-njy ýanwarda “Barselona” futbol kluby 2020-nji ýylyň jemi boýunça maliýe hasabatyny hödürledi. Bu barada prostoprosport.ru habar berýär.

Şeýlelikde, katalonlylaryň bergisi 1,173 mlrd ýewro, ýitgisi 448,4 mln ýewro barabar boldy. Klub bergileri tölemegiň möhletini azyndan 2021-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli süýşürip bilmegi umyt edýär. 
“Barselonanyň” häzirki ýagdaýynyň koronawirus pandemiýasy bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy bellenilýär, ýagny pandemiýa sebäpli futbol ýolbaşçylary tomaşaçylaryň gatnaşmagynda oýunlary geçirmegi gadagan etdiler.
Ýatlap geçsek, öň klub şertnamalar boýunça oýunçylara tölegleri azaltdy. Şol bir wagtyň özünde ýolbaşçylykda “Barselona” üçin şertnamasynyň möhleti şu ýylyň tomsunda tamamlanýan Lionel Messi bilen täze şertnama baglaşmagyň gaty kyn boljakdygy birnäçe gezek bellenildi.

şu gün 23:41
71

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

şu gün 13:41
7.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
6.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 14:53
9.3k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....