Habibiň doganoglany UFC-de ilkinji söweşinde ýeňiş gazandy

  • 22.01.2021 17:12
  • 31k+

Çempion Habib Nurmagomedowyň doganoglany, russiýaly söweşiji Umar Nurmagomedow UFC ýaryşynda ilkinji söweşinde ýeňiş gazandy. Bu barada EVO-RUS.COM portaly habar berdi.

Söweşde Umar Nurmagomedow gazagystanly söweşiji Sergeý Morozow bilen tutluşdy. Demikdiriji emel ulanan Umar Nurmagomedow söweşi ikinji tapgyrda tamamlamagy başardy. Emeliň garşysynda durup bilmedik Morozow ýeňilendigini boýun aldy.
Tutluşykdan soň söweşiji Umar Nurmagomedow öz doganoglanynyň emelini gaýtalap bilendigine begenýändigini žurnalistlere aýtdy.

"Dokuz ýyl ozal Habib hem bu oktagona giripdi we ol hem ilkinji söweşinde şeýdip ýeňipdi" -diýip, Umar belledi.

Ýadymyzda bolsa, UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow geçen ýyl sport karýerasyny tamamlaýandygyny mälim edipdi. Şeýle-de bolsa, UFC-niň ýolbaşçylary onuň karýerasyny täzeden dowam etmegine umyt bildirýärler.

düýn 23:49
930

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......