"Ýeralaş" kinožurnalyny döreden Boris Graçewskiý koronawirusdan ýogaldy

  • 16.01.2021 14:19
  • 17k+

Çagalar üçin niýetlenen “Ýeralaş” gülküli kinožurnalynyň çeper ýolbaşçysy Boris Graçewskiý 72 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada TASS habar berdi.

28-nji dekabrda režissýor agentlige hassahana ýerleşdirilendigini habar berdi, şondan öň ol koronawirus ýokuşmagy sebäpli öýünde bejergi alýan eken. 10-njy ýanwarda onuň aýaly Ýekaterina Belotserkowskaýa lukmanlaryň ozal reanimasiýa geçirilen Graçewskiniň ýagdaýyny durnuklaşdyryp bilendiklerini aýtdy.
Graçewskiý 1949-njy ýylyň 18-nji martynda Moskwada dünýä indi. 1968-nji ýylda ol Kaliningrad mehaniki kollejini tamamlady. Soňra Gorkiý adyndaky Çagalar we ýaşlar filmleriniň merkezi kinostudiýasynda uly administrator wezipesinde işledi. 1974-nji ýylda dramaturg Aleksandr Hmelik bilen bilelikde ol çagalar üçin niýetlenen "Ýeralaş" gülküli kinožurnalyny döretdi. 1974-1984-nji ýyllarda Graçewskiý "Ýeralaş"-yň režissýory, 1984-nji ýyldan bäri bolsa çeper ýolbaşçysy bolup işledi. Şeýle hem ol "Üçek" we "Notalaryň arasynda ýa-da Tantrik simfoniýasy" filmleriniň režissýory hökmünde tanalýar. Onuň alan baýraklarynyň arasynda Hormat we Dostluk ordenleri bar.

şu gün 12:37
3.2k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

düýn 18:53
10k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

düýn 09:31
5.8k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....