Hereketlendiriji işe girizilende sürüjileriň "gündelik" ýol berýän ýalňyşlygy aýdyldy

  • 23.12.2020 19:07
  • 33k+

Sürüjileriň awtoulag otlanyp başlan badyna motory işe girizýän ýagdaýlary seýrek bolmaýar. Awtoulag hünärmenleri awtoulagyň otlanma prosesini eýýäm ilkinji sekuntlarda kesmegi nädogry hasaplaýarlar. Bu barada cursorinfo.co.il habar berýär.

Şeýlelikde, awtoulagyň otlama açaryny "start" ýagdaýyna çalt geçirmek maslahat berilmeýär. Hünärmenleriň pikiriçe, awtoulag otlanandan soň ilkinji sekuntlarda ulagyň elektronikasy tehniki ulgamlary "gözden" geçirýär.
Şeýle-de bu ýerde häzirki şertler, şol sanda howanyň temperaturasy barada maglumatlary tapmak we özleşdirmek hakynda hem gürrüň edilýär. Awtoulagyň elektronikasy zerur maglumatlary alyp, olary seljerip, garyndynyň emele geliş algoritmini saýlaýar. Eger-de bu proses kesilse, ýakylmadyk ýangyç buglary katalitik gowşadyja zyňylyp bilner. Munuň bolsa wagtyň geçmegi bilen enjamyň işleýiş ulgamynda näsazlygyň döremegine getirmegi mümkin.
Şeýlelik bilen, hünärmenler howlukmazlygy we ulagy çalt herekete getirmezligi maslahat berýärler.

şu gün 11:17
840

Hyundai ulaglarynyň salonlarynda antibakterial yşyklandyryş peýda bolar

Hyundai wiruslary we bakteriýalary ýok etmek üçin niýetlenen salonyň ultramelewşe yşyklandyryş ulgamynyň synaglaryny tamamlady. Kompaniýa täze tehnologiýany ýolagçy orunlary köp bolan awtoulaglarda,......

şu gün 10:02
1.9k+

EA hile jogap berip bilmeýär: Ford tejribeli inženerlerini yzyna çagyrmaly boldy

Ford kompaniýasy awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we emeli aň gurallarynyň awtomobilleriň hiline garaşylyşy ýaly gözegçilik edip bilmändigi sebäpli, 350-ä golaý tejribeli inženeri gaýtadan işe aldy....

düýn 15:49
1.7k+

Ford ýylyň başyndan bäri ABŞ-da 11 milliondan gowrak ulagy yzyna çagyrdy

2026-njy ýylyň başyndan bäri «Ford» konserni ABŞ-da jemi 11,27 milliondan gowrak awtoulaga täsir eden 50 sany yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu barada «Motor1» neşiri habar berýär....

düýn 11:32
2.8k+

Hytaýda ýygnalan iň ygtybarly ulaglar kesgitlenildi: RAV4, Golf we Coolray

«J.D. Power» agentliginiň hytaý şahamçasy HHR-iň zawodlarynda ýygnalýan benzinli awtoulaglaryň hiliniň täze reýtingini taýýarlady....