Hindistanda 300-den gowrak adam näbelli kesel bilen keselledi

  • 07.12.2020 22:59
  • 19k+

Hindistanda 300-den gowrak adam näbelli kesel bilen keselledi diýip, “The Hindu” neşirine salgylanmak bilen lenta.ru habar berýär.

Andhra-Pradeş ştatynyň lukmanlary keseliň netijesinde bir adamyň ýogalandygyny, 315 adamyň meňzeş alamatlar bilen hassahana ýerleşdirilendigini habar berýärler. Lukmanlaryň bellemegine görä, syrkawlarda huşundan gitme, başaýlanma, kellagyry we epilepsiýa alamatlary ýüze çykýar. Lukmançylyk edaralaryna kabul edilen adamlaryň ählisiniň koronawirus üçin barlagy otrisatel netijäni görkezdi. Ýerli häkimiýetleriň wekilleri köpçülikleýin kesellemäniň howanyň hapalanmagynyň ýa-da pes hilli iýmit önümleriniň iýilmeginiň netijesinde bolup bilmeginiň mümkindigini bellediler.
Häzirki wagtda lukmanlar gan, suw we iýmit nusgalaryny derňeýärler. Andhra-Pradeşde meňzeş alamatlary bolan islendik adamyň ýüz tutup bilmegi üçin gyzgyn telefon liniýasy döredildi.
Lukmanlaryň maglumatlaryna görä, 180-den gowrak adam hassahanadan çykaryldy, 160 töweregi adam bejergi alýar. Syrkawlaryň köpüsi 20-30 ýaş aralygyndaky adamlar, ýöne olaryň arasynda 12 ýaşdan kiçi azyndan 45 çaga bar.

düýn 14:57
4.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.1k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....