Halkara serginiň çäklerinde resminamalaryň toplumyna gol çekildi

  • 03.12.2020 14:58
  • 4k+

2-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilýän serginiň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy geçirildi.

Bu gezekki gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlyk boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen tarapyndan bu resminama ýurdumyzyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak hem-de energetika ministrleri, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy gol çekdiler.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG ÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyndan başga-da, birnäçe taslamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek”, “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada «ýaşyl» şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” ýaly ugurlar bar.
Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti öz gezeginde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen “Energiýa serişdelerini netijeli ulanmak we Türkmenistanyň suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeleri” atly taslamanyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekdi.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de ýurdumyzyň Hökümeti BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO) bilen resminamalara gol çekdi. Soňky ýyllarda bu düzümler bilen özara ylalaşmak esasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Şeýle hem türkmen tarapy beýleki hyzmatdaşlar, hususan-da, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), “Valmont Industries, Inс”, “Valey” we “JСB Sales Limited” daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ylalaşyklara hem-de Ähtnamalara gol çekdi.
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen HHR-iň Atçylyk assosiasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Jokeý klubynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyga, Fransiýanyň atçylyk we çapyksuwarlyk institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

düýn 20:12
2.8k+

«Lufthansa» ýangyç tygşytlamak üçin 20 müň uçuşy ýatyrýar

Ýewropanyň iň iri awiakompaniýasy bolan «Lufthansa» ýangyç sarp edilişini azaltmak maksady bilen, iýun aýyndan oktýabr aýyna çenli, takmynan 20 müň uçuşyň ýatyrylýandygyny yglan etdi. Bu barada Deutsche Welle......

düýn 17:36
2.7k+

Dubaýda aerotaksi üçin ilkinji täjirçilik wertiport açyldy

Dubaýda dünýäde ilkinji gezek aerotaksiler üçin niýetlenen täjirçilik wertiporty (wertikal uçuş we gonuş duralgasy) açyldy. Bu desga halkara howa menziliniň çäginde ýerleşýär we dikligine uçýan hem-de gonýan......

düýn 17:34
2.5k+

Amyderýadan Aşgabada: ýaş tebigatçylar üçin ekologiýa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) we Global ekologiýa gaznasynyň (GEF) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralan ýaşlar üçin okuw maslahaty......

düýn 17:23
3.8k+

Si Szinpin, Tramp we MrBeast: Time 2026-njy ýylyň täsiri güýçli 100 şahsyýetiniň reýtingini düzdi

TIME žurnaly 2026-njy ýyl üçin dünýäde täsiri güýçli 100 şahsyýetiň her ýylky sanawyny hödürledi. Reýtinge syýasatçylar, medeniýet işgärleri, türgenler, telekeçiler hem-de ylym we tehnologiýa wekilleri girdi....