Bill Geýts indiki pandemiýanyň mümkin bolan wagtyny aýtdy

  • 23.11.2020 20:01
  • 16k+

Indiki pandemiýa Ýer ýüzünde 20 ýyldan peýda bolup biler. Şeýle çaklamany Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýts öňe sürýär diýip, TASS habar berýär.

“Eger-de şowuna bolsa, indiki pandemiýa 20 ýyldan ýüze çykyp biler. Ýöne munuň üç ýyldan bolup biljekdigini hem çaklamak bolar” – diýip, Geýts indiki pandemiýanyň gipotetiki mümkinçiligi baradaky soraga jogap berdi. Milliarderyň aýaly Melinda bilen bilelikde koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek üçin ýüzlerçe million dollar bagyş eden haýyr-sahawat gaznasyna ýolbaşçylyk edýär.

Telekeçiniň nukdaýnazaryndan, tutuş dünýä we aýry-aýry ýurtlar koronawirus ýokanjyna garanda, indiki howply kesele has gowy taýýarlanarlar.

“Döwletleriň ählisi diýen ýaly Günorta Koreýa we Awstraliýa ýaly hereket eder. Olar adamlary barlagdan geçirmekde we karantini girizmekde çalasynlygy görkezdiler. Biziň barlag serişdelerimiz häzirkiden has kämil bolar. Biz ikinji gezek haýal ýagallyga ýol bermeris” – diýip, Geýts belleýär.

Halkara guramalaryň, federal we ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna esaslanyp, hasap çykarýan Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlary boýunça, anna güni ABŞ-da täze koronawirus bilen kesellemegiň 195 542 ýagdaýy ýüze çykaryldy. Bu pandemiýa mart aýynda başlaly bäri iň ýokary görkezijidir. Uniwersitetiň maglumatlaryna görä, umuman alanyňda, ABŞ-da 12,12 mln kesel ýagdaýy hasaba alyndy, 256 163 adam ýogaldy. Ýurt iki görkeziji boýunça dünýäde birinji ýerde durýar.

düýn 14:57
5.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.1k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....