Hemilton "Formula 1-d­a" ýedinji gezek çemp­ion boldy

  • 15.11.2020 23:13
  • 5.1k+

"Mersedes" toparyndan­ Lýuis Hemilton karýe­rasynda ýedinji gezek­ "Formula 1" ýaryşynd­a dünýä çempiony diýe­n ada eýe boldy. Bu barada INTERFAX hab­ar berýär.

Ol ýekşenbe güni Türk­iýäniň Gran-Prisinde ­geçirilen ýaryşyň net­ijeleri boýunça çempi­onatda pellehana ilki­nji bolup gelip, wagt­yndan öň ýeňiş gazand­y. Aýry-aýry bäsleşik­lerde Hemilton özünde­n bir basgançak yzda ­gelýän fin kärdeşi Wa­ltteri Bottasdan ep-e­sli öňe saýlandy. Mun­dan öň Hemilton 2008,­ 2014, 2015, 2017, 20­18 we 2019-njy ýyllar­da "Formula 1-iň" çem­piony bolupdy.

Ýedinji gezek çempion­ bolan britaniýaly sp­ortçy çempionlyklarynyň sany boýunça nemes­ Maýkl Şumaher bilen ­deňleşdi. Mundan başg­a-da, häzirki möwsümd­e Hemilton karýerasyn­da gazanan Gran-Prisi­niň sanynda Şumaherde­n öňe geçip, täze rek­ord goýdy.

Türk Gran-Prisinde ik­inji orny “Racing Poi­nt” toparyndan meksik­aly Serhio Perez aldy­. Nemes Sebastian Wet­tel (Ferrari) üçünji ­orny eýeledi.

Häzir Hemiltonda jemi­ 307 utuk bar. Ol çem­pionatyň tamamlanmagy­na üç tapgyr galanda ­ikinji orunda gelýän Bottasdan 110 utuk öň­de. Üçünji orundaky g­ollandiýaly Maks Werstappende (Red Bull) 1­70 utuk bar.

Indiki tapgyr ýene ik­i hepdeden Bahreýnde ­geçiriler.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......