2021-nji ýyl üçin «Formula - 1» senenamasy kesgitlenildi

  • 11.11.2020 21:01
  • 4.4k+

Formula 1 boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylary 2021-nji ýyl möwsüm üçin senenamanyň tassyklanan görnüşini tanyşdyrdylar, senenama Gran Priniň web sahypasynda çap edildi. Bu barada Sputnik agentligi habar berýär.

Çempionat 5-nji martda Awstraliýanyň "Albert seýilgähinde" däp bolan ýaryş bilen badalga alar. Senenama laýyklykda, çempionat 5-nji dekabrda Abu-Dabide "Ýas Marina" ýolunda tamamlanar.
Çempionatyň 23 tapgyryndan biri henizem sorag astynda - 25-nji aprelde Wýetnamda geçirilmegi meýilleşdirilen ýaryş eýýäm ýatyryldy. Ýöne geçen ýylky ýaly koronawirus pandemiýasy sebäpli däl. Şeýlelik bilen, geçen ýyl "Korollyk ýaryşlaryna" ilkinji gezek gatnaşmaly Wýetnam tapgyry eýýäm ikinji gezek senenamadan çykdy.
Ýene iki tapgyr - Ispaniýa we Braziliýa tapgyrlary häzirlikçe gutarnykly kesgitlenilmedik ýagdaýda durýar. Sebäbi bu tapgyrlaryň guramaçylary bilen entek hiç hili şertnama baglaşylmady.
Senenamada rus Gran Prisi hem bar - Soçi tapgyry 24-nji sentýabrdan 26-njy sentýabra çenli aralykda geçiriler.

düýn 23:24
677

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

düýn 23:03
457

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

12.05.2026 19:02
1.4k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......