Türkmenistanda jemgyýetçilik iýmiti we söwda işine çäklendirmeleriň möhleti uzaldyldy

Türkmenistanda jemgyýetçilik iýmiti we söwda işine çäklendirmeleriň möhleti uzaldyldy

Dünýäde we sebitde dowam edýän çylşyrymly epidemiologik ýagdaýy nazara alyp, Türkmenistanda söwda we jemgyýetçilik iýmiti desgalarynyň işine girizilen çäklendirmeleriň möhleti uzaldyldy.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, ýurdumyzyň çäginde söwda we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň (toý mekanlary, restoranlar, kafeler we naharhanalar) işi 1-nji dekabra çenli çäklendirilýär.
Iýmit we hojalykdaky gündelik zerur harytlaryň söwdasy bilen meşgullanýan dükanlar bu çäklendirmä degişli däldir.