“Belawia” Türkmenistana gatnawlaryny ýatyrmagynyň möhletini uzaltdy

  • 29.10.2020 16:45
  • 12k+

Belarusyň “Belawia” awiakompaniýasy Aşgabada gatnawlary ýatyrmagyň möhletini 9-njy dekabra çenli uzaltdy diýip, Sputnik agentligi habar berýär.

“Bu gatnawlaryň ikinji gezek togtadylmagy, Minskden Aşgabada indiki uçuş 15-nji dekabrda bolar” – diýip, “Belawia” awiakompaniýasy agentlige mälim edýär.

Belarus awiakompaniýasy Budapeşte, Almaata, Riga, Tallina, Larnaka we Gruziýanyň ähli nokatlaryna gatnawlary wagtlaýyn amala aşyrmaýar.
Ýolagçylar ýatyrylan gatnawlar üçin petekleriň puluny yzyna alyp ýa-da 2021-nji ýylyň 30-njy martyna çenli uçuş senesini üýtgedip bilerler. Bu soraglar boýunça kassalara, kompaniýanyň wekilhanalaryna we kömek gullugyna ýüz tutup bolýar.
Ýatlap geçsek, “Belawia” Minsk – Aşgabat – Minsk ugry boýunça hepdede bir gezek Boeing 737 uçarlary bilen yzygiderli gatnawy amala aşyrýardy. Türkmenistanyň paýtagtyna uçuşlar sişenbe güni, yzyna uçuş çarşenbe güni amala aşyrylýar.

düýn 15:51
5.1k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.1k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.8k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....