“Gazprom” Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrdy

  • 08.10.2020 13:31
  • 9.1k+

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrdy diýip, Interfaks habar berýär.

2019-njy ýylyň ilkinji alty aýynda Türkmenistandan 1,2 milliard kub metr gaz satyn alnypdy. Bu görkeziji şu ýylyň 6 aýynda 1,7 milliard artdy.
Şol bir wagtyň özünde, "Gazprom" Gazagystandan satyn alynýan gazy 5,4 milliard kub metrden 4,1 milliard kub metre çenli azaltdy, Özbegistandan bolsa 2020-nji ýylyň başyndan bäri (iň bolmanda iýun aýynyň ahyryna çenli) tebigy gaz satyn almagy bes etdi. Bu barada bir çeşme Gazpromyň ýewro obligasiýalarynyň täze sanynyň 2020-nji ýylyň ilkinji 6 aýyndaky maglumatlara esaslanýan memorandumyna salgylanyp habar berýär.

20.06.2026 14:57
7.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....