CAREC taslamasynyň çäklerinde Murgap derýasynda awtomatik suw ölçeýjiler oturdylar

  • 30.09.2020 23:16
  • 16k+

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine Murgap derýasynyň boýundaky 14 nokatda guruljak suw sarp edilişini awtomatiki ölçeýji enjam gowşuryldy.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat beýanatyna görä, bu çäre Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin daşky gurşaw merkeziniň (CAREC) «Suw, bilim we hyzmatdaşlyk» (Akylly suwlar) taslamasynyň çäginde amala aşyryldy.
Awtomatlaşdyrylan suw ölçeg ulgamy suw joşmalary barada öňünden duýduryş bermek üçin döredildi we ýerli ýaşaýjylary suw daşgynlaryndan goramakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Ulgam Murgap derýasynyň dürli nokatlaryndaky suwuň derejesine we suwaryş akymyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Bu taslama Merkezi Aziýa we Owganystan ýurtlarynyň suw dolandyryşy boýunça tehniki mümkinçiliklerini artdyrmaga, serhetara meseleler boýunça gepleşikleri ýeňilleşdirmäge we umumy suw çeşmelerini dolandyrmaga ukyply hünärmenler toparyny döretmäge kömek etmek üçin döredildi.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......