Awtoulagyň bat alanda siltenip başlamagynyň esasy sebäpleri

  • 03.11.2020 12:55
  • 23k+

Tizlenme mahalynda awtoulagyň titräp başlamagyna ýygy-ýygydan şaýat bolýarys. Käbir ýagdaýlarda bu meseläni sürüjiniň özi çözüp biler, käbir ýagdaýlarda bolsa ussa ýüz tutmaly bolýar.
Munuň birnäçe sebäbi bolup biler, ýöne her halda olary takmynan, iki esasy topara bölüp bolar:
Birinjisi, otlanma (benzinli hereketlendirijide) bilen bagly meseleler.
Ikinjisi, elektrik ulgamy bilen bagly meseleler.

Pes hilli ýangyç
Gynansak-da, tizlenme wagtynda näsazlyk, köplenç, pes hilli ýangyç sebäpli ýüze çykyp bilýär. Mysal üçin, ýangyjyň düzüminde suw bar bolsa, şeýle ýangyçda işleýän hereketlendiriji yzygiderli näsazlyk tapyp durýar. Awtoulagyň ýangyç çelegini (bak) şeýle ýangyç bilen dolduran bolsaňyz, inžektorlara we ýangyç nasosyna zeper ýetirmezlik üçin ony dökmeli bolarsyňyz. Ýa-da sabyr etmeli we pes hilli benzini ýa-da dizeli ýakyp gutarmaly bolarsyňyz.

Dykylan ýa-da näsaz forsunkalar
Dizelli ýa-da benzinli hereketlendiriji - parhy ýok, kabul ediji dykylan ýa-da könelen ýagdaýynda, hereketlendirjiniň näsaz işlemegi ýangyç nasosy zerarly bolup biler.
Eger-de kabul ediji dykylan bolsa, ýangyç ulgamyny ýuwmak bilen bu ýagdaýy düzedip bolar. Eger-de drossel gapagy bar bolsa, onda hereketlendirijiniň işleýşindäki näsazlyk onuň hapalanmagy sebäpli hem ýüze çykyp biler.
Näsaz işlemeginde könelişen forsunkalaryň hem ýeterlik täsiri bar. Awtoulaglaryň käbir modellerinde forsunkalary abatlamak mümkin, ýöne köp halatda olary çalyşmaly bolýar.

Dykylan howa we ýangyç süzgüçleri
Hereketlendirijiniň ýaramaz işlemegine we tizlenme wagtynda näsazlygyň ýüze çykmagyna, köplenç, howa ýa-da ýangyç süzgüjiniň dykylmagy hem sebäp bolup bilýär. Beýle ýagdaýda diňe bir çykalga bar - süzgüji çalyşmaly.

Otlanma sweçasy
Birinji edilmeli iş – otlanma sweçasyny barlamak. Elektrodlardaky uly ýanyklar näsazlyga we şonuň netijesinde hereketlendirijiniň näsaz işlemegine sebäp bolýar. Tizlenmedäki näsazlyk hem şol sebäpden ýüze çykyp bilýär. Eger-de birbada maddy mümkinçiligiňiz ýok bolsa, onda sweçalary arassalap görüň, belki haýry deger, ýöne iň gowusy olary çalyşmakdyr.

Ýokary woltly simler we otlanma katuşkasy
Eger-de mesele sweçada däl bolsa, munuň sebäbi näsaz otlanma katuşkasynda ýa-da ýokary woltly simlerde bolup biler. Şeýle bolanda, onda bu ýerde hiç hili abatlaýyş kömek etmez, ony hökman çalyşmaly bolýar.
Otlanma jogap berýän modul blogy hem näsaz bolup biler. Näsazlygynyň sebäbini anyklamak üçin diňe diagnostika barlagdan geçirmeli bolýar, ýöne bu hem hemme halatlarda ýardam etmeýär. Ony çalyşmak bilen sazlap bilersiňiz.

şu gün 11:17
771

Hyundai ulaglarynyň salonlarynda antibakterial yşyklandyryş peýda bolar

Hyundai wiruslary we bakteriýalary ýok etmek üçin niýetlenen salonyň ultramelewşe yşyklandyryş ulgamynyň synaglaryny tamamlady. Kompaniýa täze tehnologiýany ýolagçy orunlary köp bolan awtoulaglarda,......

şu gün 10:02
1.8k+

EA hile jogap berip bilmeýär: Ford tejribeli inženerlerini yzyna çagyrmaly boldy

Ford kompaniýasy awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we emeli aň gurallarynyň awtomobilleriň hiline garaşylyşy ýaly gözegçilik edip bilmändigi sebäpli, 350-ä golaý tejribeli inženeri gaýtadan işe aldy....

düýn 15:49
1.7k+

Ford ýylyň başyndan bäri ABŞ-da 11 milliondan gowrak ulagy yzyna çagyrdy

2026-njy ýylyň başyndan bäri «Ford» konserni ABŞ-da jemi 11,27 milliondan gowrak awtoulaga täsir eden 50 sany yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu barada «Motor1» neşiri habar berýär....

düýn 11:32
2.8k+

Hytaýda ýygnalan iň ygtybarly ulaglar kesgitlenildi: RAV4, Golf we Coolray

«J.D. Power» agentliginiň hytaý şahamçasy HHR-iň zawodlarynda ýygnalýan benzinli awtoulaglaryň hiliniň täze reýtingini taýýarlady....