Koronawirus pandemiýasy sebäpli Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary azaldy

  • 23.09.2020 23:30
  • 12k+

Dünýädäki koronawirus pandemiýasy döwründe Ýeriň atmosferasyna uglerod zyňyndylary 8% azaldy. Muny Karlsrue Tehnologik institutynyň (Germaniýa) alymlarynyň geçiren barlaglary netijesinde anyklamak başartdy. Özleriniň iş materialyny olar “Remote Sensing” žurnalynda neşir etdiler. Bu barada tnv.ru habar berýär.

Barlagy geçirijiler ýokary derejede takyk infragyzyl spektrometrleriň kömegi bilen alnan atmosferanyň dürli gatlaklarynda gazyň düzümi baradaky maglumatlary seljerdiler. Pandemiýa sebäpli ýüze çykan az-kem üýtgeşmeleri dowam edýän antropogen zyňyndylar we derýalaryň hem-de ösümlik örtüginiň tebigy özgerijiligi sebäpli gönüden-göni kesgitlemek kyn bolýar. Şonuň üçin maglumatlar atmosferada uglerodyň ýygnanmagynyň 2020-nji ýyldaky çaklamalary bilen deňeşdirildi.
Bu üýtgeşmäniň esasy sebäbi adamlar tarapyndan awtomobilleriň we ulagyň beýleki görnüşleriniň az ulanylmagy boldy. Muňa garamazdan, alymlar kömürturşy gazyň konsentrasiýasynyň öňküsi ýaly galandygyny bellediler.
Uglerod zyňyndylarynyň planetanyň atmosferasyna hakyky täsirini gazanmak we global gyzmanyň öňüni almak üçin zyňyndylaryň azalmagy her ýyl bolmaly. Alymlaryň çaklamasy boýunça, eger-de her ýylda zyňyndylar 8% azaldylsa, onda 2055-nji ýyla çenli nol derejesine ýetmek mümkin bolar.

25.06.2026 12:37
6.9k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....