Setýen "Barselonanyň" üstünden kazyýete arz eder

  • 18.09.2020 15:45
  • 12k+

"Barselonanyň" öňki baş tälimçisi Enrike Setýen katalon klubynyň üstünden kazyýete arz eder. 61 ýaşly hünärmen bu barada öz Twitter sahypasynda mälim etdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Setýen şägirtleri Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda "Bawariýadan" 2-8 hasabynda ýeňlişe sezewar bolandan soň, 17-nji awgustda wezipesinden boşadyldy. Ýöne "Barselona" hyzmatdaşlygyň tamamlanandygy baradaky resmi kagyzlara soň — 17-nji sentýabrda gol çekdi.
Setýeniň aýdyşy ýaly, klubyň prezidenti Hosep Mariýa Bartomeu şertnamanyň ýatyrylmagynyň şertleri barada oňa habar bermändir. Şonuň üçin hem Setýen gök-narynçlardan 4 million ýewro öwez tölegini talap edýär.

“Ýokarda agzalanlar sebäpli, degişli kazyýet işini açmak bilen, dawany çözmegi aklawçylarymyza ynanmaly bolduk. Şeýle ädimi hukuklarymyzy goramak we şol wagt "Barselona" bilen ylalaşylan şertlere ýetmek üçin ätdik" - diýip, tälimçi aýtdy.

Setýen "Barselonada" 2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda işinden boşadylan Ernesto Walwerdiň ornuna tälimçilige geçipdi. Onuň ýolbaşçylygynda gök-narynçlar Ispaniýanyň çempionatyny ikinji orunda tamamlady.

düýn 23:00
1k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......