Республика Корея отправила в Туркменистан медицинские принадлежности и СИЗ

  • 29.08.2020 16:33
  • 17k+

28-nji awgustda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow koreý tarapyna Türkmenistana lukmançylyk hem-de şahsy goranyş serişdeleriniň iberilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu ädime iki halkyň arasyndaky dostlugyň we özara ynanyşmagyň hakyky aýdyň ýüze çykmasy hökmünde baha berýändigini nygtady.
Netijeli gepleşikleriň çäklerinde taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralaryny hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we işjeňleşdirmäge, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek meseleleriniň üstünde mundan beýläk-de işlemäge gönükdirmegiň wajypdygy barada bir pikire geldiler.
Ulag ulgamynyň binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamanyň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistana gelip gowşan bütin dünýäde meşhur «Hyundai» awtobuslarynyň nobatdaky uly tapgyry, ýagny 400-si şeýle ysnyşykly gatnaşyklaryň aýdyň netijeleriniň biridir.
Häzirki wagtda tutuş adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan täze, örän howply wehimi — COVID-19 täze görnüşli ýokanç keseli nazara almak bilen, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklar örän wajyp hasaplanylýar.
Nygtalyşy ýaly, giň çäkleri gurşap alan hem-de dünýäniň köp döwletleriniň we halklarynyň adaty durmuşyny üýtgedýän koronawirus pandemiýasyna garşy netijeli göreşmek ähli halkara jemgyýetçilikden bilelikde hereket etmegi talap edýär.
Prezident Mun Çže In Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän döwlet baýramlary bilen gutlady we bu dabaralara gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynyň ýokary wezipeli wekilini ugradýandygyny belledi.

20.06.2026 14:57
6.5k+

У берегов Камчатки за сутки произошло более 30 землетрясений магнитудой до 6,9

В районе восточного побережья Камчатки 19 и 20 июня зарегистрирована серия землетрясений магнитудой до 6,9....

19.06.2026 10:08
3.3k+

Тропический шторм «Артур» привёл к режиму ЧП в 101 округе Техаса

Тропический шторм «Артур», ставший первым именованным штормом сезона атлантических ураганов 2026 года, вызвал наводнения и режим чрезвычайного положения в ряде районов юга США. В зоне риска находятся около......

17.06.2026 11:34
5.8k+

В Германии из-за ядовитых гусениц приходится закрывать школы и парки

Как мы сообщали ранее, несколько регионов Германии с наступлением лета столкнулись с нашествием опасных насекомых — гусениц бабочки Thaumetopoea processionea. Теперь из-за угрозы здоровью власти вынуждены идти......

16.06.2026 09:56
10k+

Землетрясение на Филиппинах подняло морское дно на два метра

Землетрясение магнитудой 7,8 на Филиппинах привело к подъему морского дна на два метра. Это даже изменило береговую линию острова Минданао....