Türkmenistan «EKSPO-2020-ni» indiki ýyla geçirmek barada BAE-niň başlangyjyny goldady

  • 25.08.2020 08:44
  • 22k+

24-nji awgustda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri Dubaý şäherinde geçiriljek (Birleşen Arap Emirlikleri) “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly guralan duşuşyga gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Bütindünýä forumyny geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Habar berlişi ýaly, dünýäde emele gelen epidemiologiýa ýagdaýyny hasaba alyp, Türkmenistan “EKSPO-2020”-ni indiki ýyla geçirmek barada BAE-niň öňe süren başlangyjyny goldady.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de netijeli pikir alyşmalary dowam etmek baradaky garaýyşlary beýan etdiler, şunda häzirki zaman sanly tehnologiýalary ulanmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Ýurdumyzyň Dubaýda geçiriljek “EKSPO” gatnaşmagynyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşarky bazarlara işjeň çykarylmagyna, şeýle hem dürli ugurlarda öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

düýn 20:17
3.3k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.3k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......