Italiýa koronawirus epidemiýasynyň ikinji tolkunynyň gelmeginden howatyrlanýar

  • 12.08.2020 14:00
  • 14k+

Italiýanyň hökümeti ýurduň aeroportlarynda we portlarynda “howp astyndaky ýurtlardan” dolanyp gelýänler üçin koronawirusa ekspres-barlagyny geçirmek işini gurnamagy göz öňünde tutýar. Bu barada Sky korporasiýasyna salgylanyp, regnum.ru habar berýär.

Bu ýurtlara aragatnaşygyň eýýäm dikeldilen dört sany Ýewropa ýurdy girýär — Ispaniýa, Gresiýa, Horwatiýa we Malta. Saglygy goraýyş ministrliginde bu ýurtlardan raýatlaryň dynç alyşdan soň dolanyp gelmegi Italiýa epidemiýanyň ikinji tolkunyny getirer diýip ätiýaç edýärler.
Soňky maglumatlar boýunça, Italiýada “koronawirus pnewmoniýasy” diagnozy bilen tassyklanan 35 209 adam ýogaldy, 202 248 adam gutuldy. Gutulan we ýogalan adamlary hasaba alanyňda, koronawirusy göterijileriň umumy sany epidemiýanyň tutuş döwrüniň içinde 250 825-e barabar bolýar. Häzirki wagtda 13 368 adam kesellän.

25.06.2026 12:37
6.8k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....