Türkmenistanyň milli ýygyndysy FIDE Bütindünýä Küşt Olimpiadasynda çykyşyna başlaýar

  • 12.08.2020 10:46
  • 6.8k+

Şu gün Türkmenistanyň küşt boýunça milli ýygyndysynyň topary FIDE Ilkinji Bütindünýä Küşt Onlaýn Olimpiadasynda çykyş edip başlar.

Bäsleşigiň özi 25-nji iýulda başlanypdy we açylyş dabarasy şondan bir gün öň geçirildi. Bäsleşige dünýäniň jemi 163 milli onlaýn-ýygyndysy gatnaşýar.
Her topara 6 küştçi - 3 erkek, 3 aýal wekilçilik edýär we ätiýaçdakylaryň hem sany şonçadyr. Şonuň bilen birlikde hem, çykyş etjek her toparyň düzüminde heniz 20 ýaşamadyk bir oýunçy bolmaly.
Toparlar başda bäş diwiziona bölünýär, şondan soň olaryň ýeňijileri pleý-off tapgyryna çykar. Bäsleşigiň tertibine görä, türkmenleriň onlaýn ýygyndysy öz çykyşlaryna 12-nji awgustda başlajak Ikinji diwizionda girişer.

"Türkmenistanyň ýygyndysynyň bu ýaryşa gatnaşýan iň ýaş toparlaryň biridigini aýratyn bellemek gerek. Biziň ýygyndymyzdaky türgenlerimiziň ortaça ýaşy 20-ä deňdir" - diýip, Türkmenistanyň Milli Küşt federasiýasynyň başlygy Myratdurdy Haşaýew aýdýar.

Milli ýygyndymyzyň esasy düzümine Saparmyrat we Ýusup Atabaýewler, Azat Nurmämmedow, Bahar Hallaýewa, Jemal Öwezdurdyýewa we Annagözel Mekanowa dagy girdiler.
S.Atabaýew bilen A.Mekanowa mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça dünýä çempiony boldular, A.Nurmamedow Aziýa çempionatynda ýeňiji boldy. B.Hallaýewa bilen D.Orazdurdyýewa bolsa - Türkmenistanyň çempiony.
Bütindünýä Küşt Onlaýn Olimpiadasy 2021-nji ýylyň tomsuna yza süýşürilen Moskwada geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasyna sanly alternatiwa hökmünde guralýar. Duşuşyklar dünýäniň iň iri “Chess.com” onlaýn platformasynda geçirilýär. Oýunlar, iňlis, rus, ispan, nemes, fransuz we hytaý ýaly dünýäniň köp dillerinde teswirler bilen onlaýn ýaýlyma berilýär.
Onlaýn bäsleşigiň ýeňijisi 2020-nji ýylyň 30-njy awgustynda yglan ediler.

düýn 14:53
6.6k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.5k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....