Эксперты посоветовали, как придумать надежный пароль

  • 12.08.2020 20:00
  • 14k+

Häzirki zaman dünýäsinde şahsy maglumatlary goramak meselesiniň ýörgünli bolup durýandygy gizlin däldir. Kyn paroly soňundan ony ýatdan çykarmaz ýaly nädip oýlap tapmaly?

Sputnik radiosy şunuň bilen bagly peýdaly maslahatlary bilen paýlaşdy.
Parollaryň menejerleri ygtybarlydygyna garamazdan, ýatda saklanylmasy kyn bolan awtomatik ýagdaýda antiwirus programmalaryny döretmegi teklip edýärler. Hünärmenler nyşanlaryň, harplaryň we sanlaryň dürli belgide birleşmesini ulanmagy maslahat berýärler. Ýöne şeýle parolyň çalt ýatdan çykmak ähtimallygy bar, şonuň üçin belgileriň ygtybarly birleşmesini özüň oýlap tapmaly bolýar, bu gaty bir kyn däl.
Hünärmenler şahsy maglumatlaryň ýitmeginden gaçmaga we oýlanyp tapylan belgiler toplumyny aňsatlyk bilen ýatda saklamaga kömek etjek maslahatlary bilen paýlaşdylar.

  1. Örän gowy parol – bu on alty belgiden az bolmadyk parol. Belli bolan sözüň harplaryny sanlar bilen gezekleşdirip ýazmaly. Olar tertip boýunça ýa-da üstaşyr dowam etdirilip bilner. Meselem – A1m2a3n4D5u6r7d8y.
  2. Iň gowusy öz adyňy däl-de, başga bir ady ulanmaly. Meselem, uly synplarda partadaşyň adyny. Ol ýatdan hem çykmaz we ony bilmek hem kyn bolar.
  3. Şol bir paroly hemme serwisler üçin ulanmaly däl: siz tarapyndan oýlanylan bir belgiler toplumyny bilip, aldawçylar ony galan ähli akkauntlary döwmek üçin ulanmaga synanyşarlar. Gowusy dürli atlary ulanmaly, has gowusy familiýalary, meselem, ozalky işiňden kärdeşleriňkini. Siz olary ýatdan çykarmarsyňyz, ýöne birwagt ýatdan çykarylan ofisde dostlaşan ýa-da dawalaşan adamlaryňyz barada erkin elýeterlikde maglumat tapmak bolsa aňsat iş däl.
  4. Halaýan goşgyňyzy ýatlap bilersiňiz. Diňe özüňize belli bolan haýsydyr bir dörtlemäniň birinji harplaryndan parol düzüň. Olary sanlar bilen gezekleşdirmegi ýatdan çykarmaň. Size ýakyn bolan poeziýa – bu hem şahsy ahyryn?
  5. Hemişe iki şertli barabarlygy ulanyň. Bir tarapdan, ol siziň paroly ýygy-ýygydan çalşyp durmagyňyz üçin döredilýär. Nätanyşlaryň jaňlaryna ynanmaň we “şu saýtda paroly ýatda saklamaly” meýdançasynda bellik goýmaň.
  6. Özüňizden “öňe giden” ulanyjyny döretmek gerek däl. Paroly gadymy ata-babalaryň usuly bilen kagyzda ýazmak hem bolar. Ýöne ony gapjykda we ýantorbada däl-de, hiç kimiň gözlemek barada pikir etmeýän ýerinde saklamaly.

Paroly alty aýdan uzak ulanmaly däl diýip, kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenler belleýärler. Ýöne eger-de paroly döretmekde hususy shemaňy oýlap tapsaň, onda olary çalşyp durmak endige öwrüler, netijede olary oýlap tapmak we çalşyrmak uly kynçylygy döretmez.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
«Intelde» parolynyň gowşaklygy sebäpli maglumatlar ýaýrady

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota запускает летнюю сервисную кампанию в Туркменистане

С 1 по 30 июня 2026 года официальные сервисные центры Toyota в Туркменистане проводят специальную летнюю сервисную кампанию для владельцев автомобилей Toyota и Lexus любых годов выпуска и моделей....

12.06.2026 17:00
4.8k+

Им доверяют свои ценности в 100+ странах мира. О чем речь?

Продукция этой компании поставляется более чем в 100 стран мира. Она соответствует европейским стандартам безопасности, проходит международные испытания и имеет необходимые сертификаты качества. Как вы......

10.06.2026 18:39
4.4k+

Новый уровень оптовых закупок: предприниматели выбирают Birlik

Управляете магазином, маркетом, кафе или рестораном? Пока одни продолжают тратить время на бесконечные звонки и поиск торговых агентов, многие предприниматели уже перешли на более удобный формат закупок вместе......

08.06.2026 15:19
6.8k+

Прогноз погоды в Туркменистане: дождь в начале недели

Служба по гидрометеорологии Министерства охраны окружающей среды предоставила прогноз погоды по Туркменистану на неделю (8–14 июня)....