«Intelde» parolynyň gowşaklygy sebäpli maglumatlar ýaýrady

  • 11.08.2020 08:11
  • 8.7k+

Näbelli haker kompýuter öndürijisi "Inteliň” serwerlerinden 20 Gb töweregi gizlin maglumatlary internete ýaýratdy. Şwesiýaly IT geňeşçisi Tilli Kottmann bu barada maglumat çap etdi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Kottmann bu faýllaryň näbelli çeşmeden alandygyny aýdýar. Onuň çap eden maglumatlarynyň arasynda Intel CEFDK ýükleýjileriniň, şeýle hem Amerikan kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen dürli platformalar üçin prosessor programma üpjünçiliginiň deslapky kodlary bar. Programma üpjünçiligindäki näsazlygy tapmak üçin korporasiýanyň birnäçe içerki gurallary birbada köpçülige hödürlendi.
Arhiw gözden geçirenden soň, Kottmann parol bilen goralýan zip-arhiwlerini tapypdyr. Şonda ol goragly faýllaryň "Intel123" ýa-da "intel123" parollaryny girizeniňden soň açylýandygyny anyklap, geň galypdyr. Ol Inteliň özünde maglumatlary goramak üçin şeýle parollaryň ulanylýandygyny öwrenipdir. Şeýle-de bolsa, bu parollar ähli arhiwleri-de açmaýan eken.
ZDNet-iň hünärmenleri maglumat ýaýramasyny derňediler we hakykatdanam Inteliň intellektual eýeçiligi barada maglumatlaryň bardygyny tassykladylar.
“Intel” eýýäm maglumat ýaýramasyny derňemäge girişdi.

düýn 20:17
3.5k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.3k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......