Aşgabatda bazarlaryň işi wagtlaýyn çäklendirildi

  • 21.07.2020 23:00
  • 21k+

21-nji iýuldan başlap, şäher bazarlarynyň ählisiniň işi çäklendirildi. Egin-eşik, senagat we gurluşyk harytlarynyň dükanlary arassaçylyk işlerini geçirmek maksady bilen ýapyldy.

Azyk harytlary dükanlary, şeýle hem başlangyç zerurlyk sarp ediş harytlarynyň dükanlary adaty tertipde hereket eder.
Arassaçylyk çäreleri iýul aýynyň ahyryna çenli dowam eder.
Şeýle hem bu döwürde hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar we kärhanalar — kinoteatrlar, teatrlar, seýilgähler, oýun attraksionlary, muzeýler, gözellik salonlary, dellekhanalar, hammamlar, geýim arassalaýjylar (himçistkalar) we tikinçilik atelýeleri ýapylar. Şol sanda, basseýnler, fitnes we aerobika klublary ýaly sport desgalary, gysga möhletli tölegli kurslar we oýun merkezleri wagtlaýyn ýapylar.
Sişenbe gününden aýyň ahyryna çenli jemgyýetçilik naharhanalary – restoranlar, kafeler, barlar, naharhanalar we çaýhanalar işlemez. Şol bir wagtyň özünde, jemgyýetçilik naharhanalary tagamlary ilata sargyt boýunça eltip biler.

şu gün 12:37
3k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

düýn 18:53
10k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

düýn 09:31
5.8k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....