Bolliwudly ýyldyz Amitabh Baçana, onuň ogluna we gelnine koronawirus ýokuşdy

  • 13.07.2020 12:18
  • 46k+

Belli hindi aktýory Amitabh Baççana koronawirus ýokuşdy we hassahana ýerleşdirildi diýip, dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýetirýärler. "COVID üçin geçirilen barlag položitel çykdy we hassahana geçirildi... Soňky 10 günüň dowamynda ýakynymda bolanlar, barlagdan geçiň!" – diýip, 77 ýaşly aktýor öz Twitter hasabynda ýazýar.

COVID-19 onuň aktýor we prodýuser ogly Abhişek Baçana hem ýokuşdy. Wirus barlagy aktýoryň gelni – aktrisa we model Aýşwarýa Raýda hem oňyn çykdy. Amitabh Baçan hindi kinosynyň iň meşhur aktýorlaryndan biridir. Ol «Ar alyş we kanun» (Hindistan, 1975), «Ajubyň gara şazadasy» (SSSR, Hindistan, 1991), «Beýik Gatsbi» (Awstraliýa, ABŞ, 2013) we beýleki filmlerde keşp janlandyrdy. «Hindi Oskary» diýlip atlandyrylýan Filmfare Awards baýraklarynda 15 gezek ýeňiji boldy we 2015-nji ýylda Forbes ony 33,5 million dollar girdejisi bilen dünýäde iň köp girdeji gazanan aktýorlaryň sanawynda 7-nji orna çykardy.

düýn 23:40
9.4k+

ABŞ-nyň birnäçe ştatyna wehimli tornado aralaşyp, güýçli doly ýagdy

Hepdäniň başynda ABŞ-nyň birnäçe sebitinde yzigiderli dowam edýän güýçli harasatlar başlandy. Tehasdan Miçigana çenli bolan aralykdaky ýerlerde çabga ýagyşlary, uly göwrümli doly we güýçli ýel hasaba alyndy. Tebigy harasat sişenbe güni, 10-njy martda başlandy...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

07.03.2026 20:33
6.6k+

Antalýanyň kenarlarynda agramy 10 kg ýetýän howply meduzalar peýda boldy

Türkiýäniň Antalýa şäheriniň kenarýakalarynda ynsan saglygy üçin howply bolan Rhopilema nomadica görnüşli meduzalar peýda boldy. Bu barada Akdeňiz uniwersitetiniň ylmy işgäri Mehmet Gökoglu habar berdi. Ol bu meduzalaryň käbiriniň agramynyň 10 kilograma çenli ýetip bilýändigini belleýär...

07.03.2026 16:39
22k+

Şotlandiýada 55 sany läheň özüni kenara taşlady: munuň sebäbi näme?

Şotlandiýada 55 sany läheň (kit) özüni kenara urdy. Independent neşiriniň habar bermegine görä, 6-njy mart güni irden bir kişi Treýg-Mor kenaryndaky äpet jandarlary görüp, bu barada polisiýa habar ýetiripdir. Wakanyň bolan ýerine Britaniýanyň deňiz haýwanlaryny halas ediş gullugynyň hünärmenleri geldiler...