Türkmenistanyň DIM-i COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly metbugat beýanatyny ýaýratdy

  • 08.07.2020 14:00
  • 20k+

Koronawirusyň täze görnüşiniň dowam edýän pandemiýasy we halkara jemgyýetçiliginiň bu umumadamzat howpuna garşy göreşmek üçin alyp barýan giň gerimli çäreleri bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi metbugat beýanatyny ýaýratdy.
Onda COVID-19-yň bütin dünýäde ýaýramagynyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanda bu ýokançlygyň ýurda ýaýramagynyň öňüni almak boýunça yzygiderli derwaýys işleriň guralyşy hakynda beýan edilýär. Täze pandemiýanyň dünýäde ýaýrap başlamagy bilen, ýurdumyzda onuň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Hökümet topary döredilipdi. Bu toparyň ygtyýarlygy koronawirusa garşy göreş bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, maliýe, tehniki we beýleki meseleleri çözmegi öz içine alýar. Şeýle hem, bu ugurda degişli döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrmak üçin Saglygy goraýyş we derman senagaty, Daşary işler, Içeri işler ministrlikleriniň, Döwlet Serhet, Gümrük, Migrasiýa gulluklarynyň we beýleki edaralaryň wekillerini öz içine alýan Operatiw merkez döredildi.
Koronawirus ýokançlygyna garşy göreşiň birinji tapgyrynda serhet, gümrük, migrasiýa režimlerini, sanitariýa-epidemiologik we fitosanitar gözegçiligini, weterinar idegini güýçlendirmek üçin birnäçe çäreler görüldi. Şeýle hem immuniteti ýokarlandyrýan esasy dermanlar bilen ilaty yzygiderli mugt üpjün etmek üçin ulgam döredildi. Ýurtda ilatyň umumy lukmançylyk barlagy maksatnamasy durmuşa geçirilýär we adamlaryň immunitetini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreler görülýär. Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistan pandemiýa howpy bilen dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Bu ýerde, esasanam, Türkmenistanyň Prezidentiniň pandemiýa garşy göreşmek üçin geçirilen halkara sammitlerine işjeň gatnaşandygyny bellemek dogry bolar.
Hususan-da, 2020-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň prezidenti, Goşulmazlyk hereketiniň sammitinde halkara lukmançylyk alymlary geňeşiniň döredilmegini teklip edip, ylmy diplomatiýany ösdürmäge başlady. Bu inisiatiwanyň esasy mazmuny, lukmanlar, lukmançylyk ylymlary alymlarynyň arasynda birnäçe möhüm ugurlarda göni aragatnaşyk gurmakdan ybaratdyr:
COVID-19 ýokaşmagyna garşy göreşmek boýunça halkara tagallalaryna Türkmenistanyň goşan goşandynyň möhüm mysallaryndan biri, Türkmenistanyň prezidentiniň Bütindünýä saglyk guramasynyň baş müdirine ýazmaça hatynda görkezilişi ýaly, biziň ýurdumyz tarapyndan görülýän çäreler toplumy baradaky maglumatlardyr. Mälim bolşy ýaly, bu hat Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resmi resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanda pandemiýa garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalaryny açyp görkezýär.
Pandemiýa meselesi häzirki wagtda hünär gözlegleriniň, ylmy barlaglaryň hem-de işläp taýýarlamalaryň esasy temasyna öwrüldi. Şonuň netijesinde hem häzirki wagtda pandemiýa garşy göreşde möhüm ähmiýete eýe bolan çynlakaý netijeler gazanylýar. 32 ýurtdan 239 alymyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş müdirine açyk haty bilen ýüzlenmesi-de muňa mysal bolup, onda uzak wagtlap howada.saklanýan kiçijik aerozol damjalary arkaly täze koronawirusyň ýaýramagynyň mümkindigini tassyklaýan ylmy gözlegleriň netijeleri baradaky maglumatlar bar.
Öz lukmançylyk ylmy jemgyýetçiliginiň gözleglerine esaslanyp, ýokardaky ylmy netijeleri türkmen tarapy hem goldaýar. Ynha, şu aýdylanlara esaslanyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi öz press-relizinde türkmen tarapynyň pandemiýa garşy göreşmek üçin halkara we sebit derejesinde giň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, şol sanda COVID-19 koronawirusynyň ýaýramagyna ekzogen (tebigy) faktorlaryň täsirini jikme-jik öwrenmäge taýýardygyna ünsi çekýär. Şundan ugur alyp, Türkmenistan ýakyn wagtda ýokanjyň täze görnüşine garşy göreşde raýdaşlygy berkitmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlar bilen baglaşylan şertnamalary durmuşa geçirmegiň çäginde birnäçe amaly ädimleri äder.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......