В Китае вновь работает автосалоны

  • 25.03.2020 12:22
  • 4.2k+

Koronawirusyň dowam edýändigine garamazdan, Hytaýda täze awtomobilleriň françaýzing dilerleriniň tas 91%-i ýene-de açylyp başlandy, bu barada speedme.ru saýty habar berýär.
Tutuş ýurt boýunça 8393 françaýzing dilerlerini gurşap alýan awtomobil dilerleriniň Hytaý assosiasiýasy tarapyndan soňky geçirilen barlaglar brendleriň arasynda sergi zallaryndaky söwdanyň düýpli tapawutlanýandygyny görkezýär. Belläp geçsek, diler merkezleriniň açylmagy heniz potensial satyn alyjylary özüne çekenok.
Hytaý brendleri tarapyndan dolandyrylýan dükanlar sergi zalyna gelim-gidimiň iň pes derejesi, ýagny kadaly sifrden 35%-digi barada habar berdiler. Sorag edilme netijesinde alnan maglumatlara laýyklykda, brendleriň lýuks we import awtomobilleri klasynyň satuwy bilen meşgullanýan dükanlar üçin sergi zalyndaky söwda kadaly derejeden 57%-e barabar boldy.
Ýeňil awtomobilleriň Hytaý assosiasiýasynyň maglumatlary boýunça, ýeňil awtomobilleriň bölekleýin satuwy martyň ilkinji 15 gününde 47% pese gaçdy, sebäbi koronawirus ýaýrawy ýurduň ähli ýeri boýunça sarp edijileriň we kärhanalaryň işjeňliginiň peselmegine getirdi.
“Käbir şäherler adamlary kadaly durmuşa dolanmaga çagyrýarlar, ýöne sarp edijileriň awtomobil harytlaryna bolan ynamy martyň ahyryna çenli kadaly ýagdaýa gelmese gerek” diýip, pudaga degişli toparda bellenilip geçilýär.
Sorag geçirme franşiza boýunça işleýän diler merkezleriniň 9,2%-i hökümetiň kärhanalardan müşderileriň we işgärleriň goragy üçin ýeterlik serişdeleri döretmegi talap edýän ýerli organlarynyň ygtyýarnamasyny alyp bolmaýandygy üçin duşenbe güni hem ýapyk bolýandygyny görkezýär.
Hytaý dilerleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda täze satyn alyjylary özüne çekmek bilen sarp edijileriň gyzyklanmasyny döretmek kyn. Şoňa görä, bu meseleden baş çykarmak üçin ýakyn wagtda dürli aksiýalar we sarp edijilere satuwy tygşytlylyk bilen amala aşyrmaga mümkinçilik berýän amatly teklipler giriziler.

сегодня 16:52
1.6k+

Mercedes после волны критики решила вернуть в авто физические кнопки

Компания Mercedes пересматривает подход к управлению в салоне автомобилей и решила вернуть физические кнопки для основных функций, сохранив при этом цифровые экраны....

сегодня 13:01
2.4k+

Lexus показал в Пекине три модели с разным характером — LC500h, GX Black Edition и премиальный LX

На автосалоне в Пекине Lexus представил сразу несколько моделей, отражающих разные направления развития бренда. Среди новинок — купе LC500h, внедорожник GX в версии Black Edition и обновлённый LX....

вчера 22:25
4k+

Toyota показала седаны и кроссовер серии bZ

На автосалоне в Пекине 2026 японский автогигант Toyota представил сразу четыре электромобиля линейки bZ: седан bZ3, лифтбек bZ5, кроссовер bZ3X и новый флагманский седан bZ7....

вчера 16:04
7.7k+

Время как роскошь: Новый Lexus ES получил обновлённый дизайн и стал крупнее

Компания Lexus представила обновлённый бизнес-седан ES 2026 на автосалоне в Пекине....