Amerikaly Rosas Junior UFC-niň taryhynda iň ýaş pälwan boldy

  • 22.09.2022 11:54
  • 23k+

Amerikaly Raul Rosas Junior 21-nji sentýabrda UFC bilen şertnama baglanyşdy we guramanyň taryhynda onuň iň ýaş wekili boldy. Bu barada UFC-iň metbugat gullugy habar berýär. 

Düýn 17 ýaşly Rosas Junior Dana White s Contender Series turniriniň çäklerinde amerikaly Mando Gutýerrezi utdy. Tutluşykdan soň UFC-iň prezidenti Dana Uaýt  gurama bilen şertnamany pälwanyň ygtyýaryna berdi.
Öň UFC-iň taryhynda amerikaly Çeýz Huper iň ýaş pälwan bolupdy, ol 2019-njy ýylda, 19 ýaşyndaka gurama bilen şertnama gol çekişipdi.
Rosas Junior garyşyk başa-baş göreşde alty ýaryşa gatnaşdy we alty gezegem ýeňiş gazandy. 


15.12.2025 09:21
4.8k+

Repçi Snup Dogg Olimpiada-2026-da ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hormatly tälimçisi boldy

Snup Dogg (Snoop Dogg) lakamy bilen tanalýan amerikaly repçi Kelwin Kordozar Brodus-kiçi öňümizdäki 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynda ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hormatly tälimçisi diýlip bellendi. Bu barada ABŞ-nyň Milli Olimpiýa komiteti habar berdi...

10.12.2025 16:47
15k+

Tramp Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynda dokuz titul söweşiniň boljakdygyny aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda Ak tamda meýilleşdirilen Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýaryşynda dokuz çempionlyk söweşiniň geçiriljekdigini aýtdy. «Ak tamda UFC ýaryşy 14-nji iýunda geçer...

07.12.2025 21:24
13k+

UFC 323: Ýan Dwalişwiliden ar aldy, Pantoža şikes zerarly guşagyny ýitirdi

Şu gün Las-Wegasda (ABŞ) şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçirildi. Esasy söweşde russiýaly söweşiji Pýotr Ýan (20-5) gruziýaly Merab Dwalişwiliden (21-5) üstün çykyp, has ýeňil agramda (61,2 kg çenli) UFC-niň çempiony titulyny gazandy...

07.12.2025 11:59
4.3k+

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...