Ronaldu 2010-njy ýyldaky antirekordyny gaýtalady

  • 13.02.2022 10:18
  • 14k+

“Mançester Ýunaýtediň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2010-njy ýyldaky antirekordyny gaýtalady. Bu barada Twitterde “Sky Sports Statto” habar berýär diýip, Day.Az belleýär.

Futbolçy özüniň iň ýaramaz golsuz tapgyryny gaýtalady. Bassyr bäş oýun bäri Ronaldu garşydaşlarynyň derwezesine gol geçirip bilenok. Soňky gezek ol 2021-nji ýylyň 30-njy dekabrynda “Býornlä” garşy oýunda gol bilen tapawutlanypdy. 
Şeýle golsuz tapgyr iň soňky gezek 2010-njy ýylda boldy. Şol wagt Ronaldu Madridiň “Realynda” oýnaýardy we maý aýyndan sentýabr aýy aralygyndaky bäş oýunda-da ol gol salyp bilmedi. 
9-njy fewralda “Mançester Ýunaýted” Angliýanyň Premýer-ligasynyň 24-nji tapgyrynda “Býornli” bilen oýnady. Bu duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Ronaldu ätiýaçdaky oýunçy bolup, meýdança oýnuň 68-nji minutynda çykdy.


düýn 09:53
9.2k+

KHBS: FIFA Argentinany 2026-njy ýylyň dünýa çempionatyndan çetleşdirip biler

Argentinanyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylyp bilner. Bolup biljek sanksiýanyň sebäbi Argentinanyň futbol assosiasiýasynyň (AFA) ýolbaşçylygy bilen baglylykda alnyp barylýan korrupsiýa garşy derňew işleri boldy diýip, ýerli La Nacion neşiri habar berýär...

15.12.2025 17:21
7.2k+

Mbappe dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Ýamal we Holand bilen deňleşdi

Madridiň “Realynyň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Bu “Transfermarkt” portaly tarapyndan Ispaniýanyň çempionatynyň oýunçylarynyň bazar bahasy boýunça täzelenen maglumatlardan gelip çykýar...

14.12.2025 10:46
20k+

Messi bilen duşuşygyň guramaçylygynyň pes bolmagy Hindistanda janköýerleriň nägileligine getirdi

Lionel Messiniň täjirçilik saparynyň çäklerinde Hindistanyň Kalkutta şäherindäki Vivekananda Yuvabharati Salt Lake stadionyna barmagynyň dowamlylygynyň gysga wagtlyk bolmagy, onlarça müň futbol janköýerleriniň tertipsizlik döretmegine getirdi...

13.12.2025 17:42
16k+

Hindistanda Messiniň uly ýadygärligi açylar: dabara futbolçynyň özi gatnaşar

Şenbe güni Kalkuttada (Hindistan) futbolçy Lionel Messi öz şanyna gurlan 20 metrlik ýadygärligi açar diýip, Bi-bi-si habar berýär. Hindistan boýunça üç günlük saparyň dowamynda argentinaly futbolçy «Inter Maýamidäki» klubdaşlary Luis Suares we Rodrigo De Paul bilen bilelikde Haýdarabada, Mumbaýa we Delä barar...