Ukyny ýitirmegiň zyýany

  • 01.07.2021 19:26
  • 19k+

Ukusyzlygyň ösmeginiň köp sanly sebäpleri bar. Psihiki we beden häsiýetli keseller, duýgularyň göterilmegi, derman serişdeleri, zyýanly endikler we ukudan öň köp iýmek onuň esasyny düzýär. Insomniýany döredýän keselleriň hatarynda parkinsonizmi, gipertireozy, depressiýa bozulmalaryny, newroz, böwrek kesellerini we artriti görkezmek bolar. Adamlaryň durmuş, iş we ählumumy meseleler baradaky aladalanmalary hem sagdyn uka ýaramaz täsirini ýetirýär. Şular barada trend.az saýtynda ylmy maglumatlardyr çaklamalar paýlaşylýar.

Ukusyzlygy bejermeseň, nämelere howp salýar? Ýadyň peselmegi ýürek-damar keselleriniň ösüş töwekgelçiligini ýokarlandyrýar. Meselem, miokardyň infarkty ýa-da insult, metobolizm hadysasynyň ýaramazlaşmagy artykmaç agramlylyga getirip, neýrodegeneratiw keselleriň döremek howpuny artdyrýar. Mundan başga-da, ukusyzlyk, gaharlylyga, gaýraüzülmelere uýgunlaşylmagyna, stres ýagdaýlaryny göterip bilmezlige, dowamly ýadawlyk sindromyna getirip biler.
Iki gije ukusyzlykdan soň adamyň bedeninde glýukozanyň metabolizmi we immun ulgamyň işi bozulýar. Üç gije ukusyzlykdan soň beýnä zeper ýetmeler başlanýar. Ukusyzlygy bejermegiň adaty we adaty däl ýaly köp sanly usullary bar.
Iňňe goýmak, dynç almak we ukudan dem almak, ýoga, fitoterapiýa, ukynyň gigiýenasy (režimi berjaý etmek, kadaly iýmitlenmek, uky üçin rahat şertler) arkaly ukusyzlyk adaty däl usullarda bejerilýär. Adaty usul bolsa, elbetde, derman serişdelerini içmekdir.
Ukusyzlyga garşy hemmetaraplaýyn oňat derman serişdesi ýokdur. Uky tutduryjy dermanlaryň köpüsi özüne öwrenişdirýär, şoňa görä-de, olary 15-20 günden artyk içmek maslahat berilmeýär. Uky tutduryjy dermandan soň günüň dowamynda ukuçyllyk duýgusy ýüze çykmaly däl. Ol dermanlar lukman tarapyndan ýazylyp berilmelidir.

düýn 14:55
1.6k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.4k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......