Haýsy gök önümler dişimizi berkidýär?

  • 24.06.2021 17:19
  • 17k+

Atyzlardan alnan gök önümleriň köpüsini diş agyryny bejermekde we öňüni almakda ulanyp bolýar. Haýsy önümleriň witaminlerdir mikroelementlere baýdygyny lukman-stomatolog Oleg Kuş aif.ru saýtynda gürrüň berdi. Lukmanyň maslahatlaryny mir24.tv paýlaşýar.

Düzüminde alma turşusynyň bardygy sebäpli, klubnika dişleri oňat  agardýar. Munuň üçin klubnikadan pýure taýýarlap, adaty diş ýuwujy serişdesinden soň onuň bilen dişiňi arassalamak ýeterlik. Lukmanlar diş syrçasyna zeper ýetirmezlik üçin şeýle prosedurany aýda bir gezekden köp etmegi maslahat bermeýärler.
Gök otlar diş süňki üçin peýdaly bolan fosfora baýdyr. Kelemdir sogandan, ukropdyr ysmanakdan taýýarlanan işdäaçarlary her gün iýmek dişleri berkidýär. Käşirde saklanýan A witamin diş syrçasyny berkitse, gury käşiri çeýnemek dişdäki ýukajyk örtükleri aýyrmaga kömek edýär.
Sarymsak antiseptik häsiýete eýedir, şonuň üçin ol agyz boşlugyndaky zyýanly bakteriýalary ýok edýär hem-de dürli görnüşli şikesleri bejermekde peýdalanylýar. Sogany bolsa çişleriň öňüni almak üçin ulanmak bolar. Dişdäki agyryny aýyrmakda ýeralmasy peýdalydyr. Onuň üçin dişiň agyrýan ýerine ýeralmanyň kiçijek bölegini goýmak ýeterlik.

22.06.2026 14:18
6.3k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.2k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......