«Saraý» PÝGG-niň jerimelerini onlaýn tölemek mümkinçiligini hödürleýär

  • 01.05.2021 08:23
  • 30k+

«Saraý» mobil programmasynyň täzelenen görnüşiniň üsti bilen ulanyjylar indi polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň jerimelerini onlaýn görnüşde töläp bilerler.

Programmanyň täzelenen görnüşinde «PÝGG jerime tölegi» bölümi peýda boldy. Onuň üsti bilen ulanyjylar PÝGG-niň işgärleri tarapyndan salnan jerimeleri töläp bilerler. Munuň üçin ulanyjy degişli maglumatlaryny, hususan-da, kararyň belgisini, adyny we familiýasyny, ulagyň belgisini, telefon belgisini hem-de jerimäniň möçberini girizmeli. Ondan soňra «Altyn asyr» bank kartynyň maglumatlaryny doldurmaly.
Programmadan peýdalanmak üçin Google play-den we Appstore-den «Saraý» programmasynyň täzelenen görnüşini mobil telefonyňyza ýükläp almaly.
«Saraý» programmasy 2019-njy ýylda işläp başlady. Söwda we reklama hyzmatlaryndan başga-da, bu programma birnäçe jemagat hyzmatlary üçin hem onlaýn töleg mümkinçiliklerini hödürleýär. Hususan-da, bu programmanyň üsti bilen ulanyjylar howa ýol gatnawlary üçin biletleri onlaýn satyn alyp bilýärler, şeýle hem «Altyn Asyr», AŞTU-telefon, AŞTU-IPTV, AŞTU-Internet, Telekom-Internet üçin onlaýn tölegleri geçirip bilýärler.
«Saraý» geljekde beýleki jemagat hyzmatlary üçin tölegleri hem onlaýn görnüşde mobil programmasyndan tölemek mümkinçiligini goşmagy meýilleşdirýär.
Programmany Google play-den we Appstore-den ýükläp alyp bilersiňiz.
Elektron salgysy: https://saray.tm/redirect/app

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......