Smartfon beýnä nähili täsir edýär?

  • 02.04.2021 17:58
  • 11k+

Smartfony adamy dürli maglumatlary ýatda saklamakdan azat edýän daşarky ýat diýip atlandyrmak bolar. Munuň beýnä nähili täsir edýändigini biologiýa ylymlarynyň doktory, psihofiziolog Aleksandr Kaplan gürrüň berdi diýip, inforeactor.ru belleýär.
Eger-de bellikleri, ýatlatmalary, sanawy we beýleki zatlary bellemek üçin smartfonuňy yzygiderli ulansaň, wagtyň geçmegi bilen beýni daşarky ýat bilen köp işleşmäge öwrenişýär. Doly derejeli işlemezlik sebäpli, beýni mehanizminiň gowşaýan wagty gelýär.
Beýnä aşa agramyň düşmegi hem adamyň ýadyna ýaramaz täsir edip bilýär. 

“Beýni tebigaty boýunça islendik maglumaty seljermek üçin öňünden taýýar bolýar, ýogsam bu maglumatlaryň “zerurdygyny” ýa-da “zerur däldigini” kesgitläp bolmaýar. Şonuň üçin, eger “zerur däl” maglumatlaryň paýy uly bolsa, onda beýni resurslarynyň köp bölegini biderek sarp etmäge mejbur bolýar” – diýip, professor Kaplan düşündirýär.

Şol bir wagtyň özünde ol rahatlanmagyň ýa-da aşa işlemegiň netijesinde ýadyň bozulmagyndan gorkup, smartfonlardan ýüz öwürmezlige çagyrýar. Professor gajetleri oýlanyşykly ulanmagy we boş wagtyňy olara sarp etmezligi maslahat berýär.

düýn 14:55
1.8k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......