Kitap okamaklyk kyn ýagdaýlarda netijeli çözgüt tapmaga kömek edýär

  • 24.02.2021 22:06
  • 7.2k+

Edebiýaty okamak adamyň aragatnaşyk endiklerini kämilleşdirmäge we adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň çylşyrymlylygyna düşünmäge kömek edýär diýip, EVO-RUS.COM belleýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, hünärmenler kitap okamagyň faktlary has gowy ýatda saklamaga, emosional intellekti ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigini anykladylar. 
Köp sanly ylmy işler gysga möhletde okamagyň, ilkinji nobatda, empatiýany ösdürmäge ýardam edýändigini görkezýär. Gahrymanlar bilen tanyşlyk, olara duýgudaşlyk etmek biziň emosional intellektimizi ýokarlandyrýar. Muny Roçester uniwersitetiniň alymy Dewid Dodell-Federiň ýolbaşçylygynda geçirilen tejribe subut etdi. Alym, ylmy eserlerden tapawutlylykda, çeper edebiýaty okamak, sosial we aň-bilim işiniň kämilleşmegine sebäp bolýar diýen netijäni çykardy.
Beýleki bir alymlar haýal okamagyň ünslüligi güýçlendirýändigini we kyn maglumatlary çalt kabul etmäge kömek edýändigini anykladylar. Mundan başga-da, edebiýatyň kömegi bilen adam kyn meseleleriň alternatiw çözgütlerini has netijeli gözlemegi öwrenýär. 
Alymlaryň aýtmagyna görä, kitaplary yzygiderli okamak psihiki näsazlyklaryň ýüze çykma howpuny otuz göterim azaldýar. Edebiýat uky bilen bagly näsazlyklara garşy durmaga kömek edýär, nerw ulgamyny rahatlandyrýar. Çagalykdan kitap okamagy halaýan adamlaryň göz öňüne getirmeleri has işjeň bolýar.

düýn 14:55
1.6k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.4k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......