Ter sykylan miwe şiresiniň peýdasy hem-de zyýany barada

  • 23.02.2021 15:19
  • 10k+

Ter sykylan miwe şiresiniň ýüz göterim peýdasy bar ýaly görünse-de, bu içgiler bedene belli bir derejede zyýanly täsir hem ýetirip bilýärler diýip, health.mail.ru belleýär.

Peýdaly täsirleri
Terligine sykylan pyrtykal şiresi beýni üçin peýdalydyr. Eger-de siz özüňizi ukusyz we ysgynsyz duýsaňyz, bir stakan pyrtykal şiresini içiň, şonda ýadawlygyňyz dep bolar diýip, Riding uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) alymlary maslahat berýärler. Bir stakan pyrtykal içgisinde pektinleriň gündelik normasynyň 15-20%-i saklanýar. Alymlar ter alma şiresiniň adamyň tutuş bedeni we ulgamlary üçin diýen ýaly peýdaly bolan polifenollara baýdygyny tassyklaýarlar. Geýdelbergde alma şiresiniň rak keselleriniň öňüni almak üçin zerurdygy barada netijä gelindi. Braziliýaly hünärmenler agyr metaldan zäherlenmede hökman alma suwuny içmelidigini anykladylar.
Gök önüm şiresiniň düzüminde miwe suwlaryna garanda şeker az bolýar, olaryň kaloriýasy hem az. Gök önüm şiresindäki iýmit süýümleri iýmit siňdirişe oňyn täsir edýär. Terligine sykylan käşir şiresi deri üçin peýdaly, ol düzümindäki beta-karotiniň kömegi bilen saçlary güýçlendirýär we olara jan berýär, dyrnaklara hem oňyn täsirini ýetirýär.
Düzüminde ýokary hilli demriň bardygy sebäpli şugundyr şiresi
gan öýjükleriniň (eritrositleriň) emele gelmegine kömek edýär we ol ganazlykdan ejir çekýänler üçin peýdalydyr. Ýöne aşgazan-içege keselleri güýçlenen ýagdaýynda, şugundyr şiresi zyýanlydyr.

Zyýanly täsirleri
Ir-iýmişden ýa-da gök önümden sykylan şire suwy kletçatkalary saklamaýar, ýöne onda gana düşüp, glýukozanyň derejesini ýokarlandyrýan tebigy şekeriň düzümi ýokarydyr. Soňlugy bilen şeýle içgiler süýji keseliniň döremegine sebäp bolup biler. Iň gowusy, ter pyrtykaly suw bilen iýmeli.

Şire suwlaryny içmegiň düzgünleri
Şire suwlaryny taýýarlanylandan soň, 15-20 minudyň içinde içmek maslahat berilýär, sebäbi köp witaminler howanyň täsiri we temperaturanyň üýtgäp durmagy bilen ýok bolýar.
Nahar wagtynda ýa-da nahardan soň turbajyk arkaly içmeli, şondan soň kislota derejesini peseltmek üçin agzyňyzy suw bilen çaýkamaly.
Ajöze içmäň! Çünki, içgide aşgazan-içege ýolunyň nemli bardalaryny gyjyndyryp, ganyň düzüminde glýukozanyň derejesini üýtgedip bilýän miwe turşulary we tebigy şeker bar.

düýn 18:15
2.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.8k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......