Türkmenabat ― Stambul aralygynda ýörite uçuş guralar

  • 18.12.2020 14:14
  • 31k+

22-nji dekabrda Türkmenabatdan Stambul şäherine (Türkiýe Respublikasy) ýene bir ýörite uçuş amala aşyrylar. «Turkish Airlines» awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyryljak uçuş şol gün sagat 17:00-da meýilleşdirilýär. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan habar berildi.

Ilçihana ýörite uçuş bilen Türkiýä gitmek isleýän dostlukly döwletiň raýatlaryndan görkezilen goşundydaky maglumatlary ilçihananyň resmi elektron poçta salgysyna (embassy.ashgabat@mfa.gov.tr) gyssagly ibermeklerini soraýar.
Ilçihana tarapyndan Türkiýä gitmek isleýän raýatlaryň sanawy «Türkhowaýollary» kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasyna berler. Bellige alnan adamlar pasportlarynyň asyl nusgasy ýa-da göçürmesi bilen Aşgabat şäheriniň Atatürk köçesi 82-nji jaýynda ýerleşýän şahamçadan peteklerini satyn alyp bilerler.
Şahamça esasy iş wagtyndan daşary 2020-nji ýylyň 19-njy dekabrynda, ýagny şenbe güni hem sagat 11:00-17:00 aralygynda açyk bolar.
«Türkhowaýollary» kompaniýasy tarapyndan bu uçar bilen gitjek her bir ýolagçy üçin biletiň bahasy 550 ABŞ-nyň dollar möçberinde kesgitlendi. Her bir ýolagçy üçin 30 kg möçberinde ýük almaga, 8 kg möçberinden artyk bolmazlyk şerti bilen ýanynda göterýän torbasy ýa-da ýan kompýuter torbasyny almaga hem-de talap bolan halatynda goşmaça ýük almaga her kilogramyna 7 dollar tölemek şerti bilen  mümkinçilik dörediljekdigi mälim edildi.
Goşmaça soraglar ýüze çykan halatynda ilçihananyň konsullyk bölümine “+99312940027” we “+99312940029” telefon belgileri bilen ýüz tutup bilersiňiz.

 

12.05.2026 15:08
4k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....