Messi Maradona gol bagyş etdi, “Barselona” “Osasunany” ýeňdi

  • 30.11.2020 18:10
  • 12k+

Futbol boýunça Ispaniýanyň çempionatynyň on birinji tapgyr duşuşygynda “Barselona” “Osasunany” ýeňdi. Oýun “Kamp Nou” stadionynda geçirildi. Ronald Kumanyň topary gowy mümkinçilikleri döretdiler we netijede duşuşyk 4-0 hasabynda tamamlandy.

29-njy minutda kataloniýalylar Martin Braýtwaýtyň golundan soň öňe saýlandylar. Arakesmeden öň, Antuan Grizmann ýer eýeleriniň hasabyny iki esse artdyrdy. Ikinji ýarymda Grizmannyň pökgüsinden soň Felippe Koutinýo üçünji pökgini tora girizdi, Lionel Messi bolsa duşuşygyň 73-nji minudynda hasaba ýene bir san goşdy.
Gol geçireninden soň, 33 ýaşly argentinaly oýunçy 25-nji noýabrda, çarşenbe güni aradan çykan watandaşy Diego Maradonany hormat bilen ýatlady. Goldan soň Messi “Barselonanyň” futbolkasyny çykardy, onuň aşagynda arkasynda 10-luk belgi bolan “Nýuells Old Boýz” formasy bardy. Messi bu toparda ýaşlar derejesinde, Maradona bolsa 1993-nji ýylda oýnady.
Mundan başga-da, Diego 2008-2010-njy ýyllarda Argentinanyň ýygyndy toparyny türgenleşdiren wagtynda, Messi we Maradona milli ýygyndyda bilelikde işlediler.
Futbolkasyny çykarandygy üçin emin Antonio Migel Mateu Laos Messä sary duýduryş görkezdi.
Kataloniýalylar La Liganyň bu möwsüminde dokuz duşuşygy geçirdiler, olaryň ýene iki oýny bar. Häzirki wagtda olar 14 utuk bilen Premýeranyň turnir sanawynda ýedinji orny eýeleýärler. “Osasuna” 11 utuk bilen 15-nji orny eýeleýär.
La Liganyň indiki tapgyrynda “Barselona” “Kadis” bilen oýnar, “Osasuna” “Betisi” kabul eder.

şu gün 12:18
1.7k+

FIFA özbegistanly eminleri Dünýä çempionaty – 2026-nyň sanawyna goşdy

FIFA-nyň habar bermegine görä, Ilgiz Tantaşewiň ýolbaşçylygyndaky özbegistanly eminler topary 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň resmi eminleriniň sanawyna girizildi. Ýaryşda Tantaşew bilen......

şu gün 12:16
981

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

şu gün 00:10
6.2k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

düýn 15:01
5k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....