Milletler ligasynda «Dörtleriň finaly» Italiýada geçiriler

  • 20.11.2020 13:17
  • 5.2k+

Italiýa 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Milletler ligasynda “Dörtleriň finalyny” kabul eder. Bu barada news.sportbox.ru belläp geçýär.

Ýewropanyň futbol assosiasiýalary bileleşiginiň (UEFA) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, A diwizionynyň 1-nji toparyna wekilçilik edýän üç assosiasiýa: Italiýa, Niderlandiýa we Polşa ýaryşyň jemleýji tapgyryny geçirmäge gyzyklanma bildirdi. Kwartetiň ýeňijisi pleý-off oýunlaryny geçirmek hukugyny almalydy. Ol 12 utuk gazanan Roberto Mançininiň topary boldy.

“Dörtleriň finalynyň” geçiriljek ýeri resmi taýdan 3-nji dekabrda UEFA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisinde tassyklanylar. Şol günde ýarym final jübütleriniň bije atyşlygy hem bolar. Pleý-offda Italiýa, Fransiýa, Belgiýa we Ispaniýa oýnar.

Ýarym final oýunlary 6-njy we 7-nji oktýabrda, 3-nji orun üçin we final oýunlary aýyň 10-yna geçiriler. Ilkibaşda “Dörtleriň finalyny” 2021-nji ýylyň 2-nji iýunyndan 6-njy iýun aralygynda geçirmek meýilleşdirilipdi, ýöne pandemiýa sebäpli möhlet oktýabr aýyna süýşürildi.

Ýatlap geçsek, Milletler ligasynyň häzirki ýeňijisi Portugaliýadyr.

şu gün 09:21
2.7k+

Repçi Snup Dogg Olimpiada-2026-da ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hormatly tälimçisi boldy

Snup Dogg (Snoop Dogg) lakamy bilen tanalýan amerikaly repçi Kelwin Kordozar Brodus-kiçi öňümizdäki 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynda ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hormatly tälimçisi diýlip bellendi. Bu barada ABŞ-nyň Milli Olimpiýa komiteti habar berdi...

şu gün 09:14
1.6k+

The Ring: Fýuriniň Joşua garşy söweşi 2026-njy ýylda Er-Riýadda bolar

Super agyr agramda boks boýunça iki öňki dünýä çempiony, britaniýalylar Taýson Fýuri bilen Entoni Joşua 2026-njy ýylda Er-Riýadda köpden bäri garaşylan söweşi geçirer. Bu barada The Ring neşiri habar berdi. Olaryň duşuşygy geçiriljek wagty takyk kesgitlenmedik Riyadh Season ýaryşynyň esasy wakasy bolar...

düýn 10:46
17k+

Messi bilen duşuşygyň guramaçylygynyň pes bolmagy Hindistanda janköýerleriň nägileligine getirdi

Lionel Messiniň täjirçilik saparynyň çäklerinde Hindistanyň Kalkutta şäherindäki Vivekananda Yuvabharati Salt Lake stadionyna barmagynyň dowamlylygynyň gysga wagtlyk bolmagy, onlarça müň futbol janköýerleriniň tertipsizlik döretmegine getirdi...

13.12.2025 17:42
14k+

Hindistanda Messiniň uly ýadygärligi açylar: dabara futbolçynyň özi gatnaşar

Şenbe güni Kalkuttada (Hindistan) futbolçy Lionel Messi öz şanyna gurlan 20 metrlik ýadygärligi açar diýip, Bi-bi-si habar berýär. Hindistan boýunça üç günlük saparyň dowamynda argentinaly futbolçy «Inter Maýamidäki» klubdaşlary Luis Suares we Rodrigo De Paul bilen bilelikde Haýdarabada, Mumbaýa we Delä barar...