Türkmenistanyň raýatlyk pasporty H&P reýtinginde 87-nji ýere çykdy

Türkmenistanyň raýatlyk pasporty H&P reýtinginde 87-nji ýere çykdy

“Henley & Partners” (H&P) halkara konsalting kompaniýasy dünýä pasportlarynyň täzelenen reýtingini - HPI-ni hödürledi. Onda şahsyýetnama pasport eýesiniň wizasyz girip bilýän ýa-da gireninden soň wiza alyp bilýän ýurtlarynyň sany boýunça bahalandyrylýar.

Häzirki orun paýlanyşygynda Türkmenistan geçen ýyl bilen deňeşdirilende, üç orun ýokary galyp, 87-nji orunda ýerleşdi. HPI-niň görkezijilerine görä, Türkmenistanyň raýatlaryna dünýäniň 53 ýurdunda wizasyz syýahat etmäge ýa-da şol ýerden wiza almaga rugsat berilýär.

Reýtingiň birinji ornunda raýatlary dünýäniň 191 ýurdunda wizasyz syýahat edip bilýän Ýaponiýa, ikinji orunda bolsa dünýäniň 190 ýurduna we sebitine wizasyz syýahat etmek mümkinçiligi bolan raýatlyk pasportly Singapur ýerleşýär. Reýtingde soňky orunda Owganystan durýar. Bu ýurduň ýaşaýjylary 26 ýurda wizasyz baryp bilýärler.
Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda koronawirus pandemiýasy sebäpli serhetleriň ýapylmagy we birnäçe ýurda girmegiň çäklendirilmegi zerarly döwletleriň arasynda wizasyz giriş baradaky şertnamalaryň häzirlikçe diňe resminamalarda hereket edýändigini bellemek gerek.
Şeýlelik bilen, dünýäde dowam edýän häzirki epidemiologik ýagdaýy göz öňünde tutup, 2020-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli Singapuryň raýatlaryny kabul etmäge taýyn ýurtlaryň sany 80-den hem azaldy. Şonuň üçin HPI-niň sanawynda ikinji orny saklaýan-da bolsa, aslynda Singapuryň pasportynyň gymmaty Namibiýanyň we Lesotonyň reýtinginden tapawutlanmady.