Smartfon haçan könelip başlaýar

  • 20.09.2020 18:37
  • 15k+

Islendik smartfon ulanylyşyň birinji ýylyndan soň könelip başlaýar. Bu onuň fiziki we modeli taýdan könelmegi bilen baglanyşyklydyr diýip, Telecomdaily informasion-analitik agentliginiň müdiri Denis Kuskow “Praým” agentligine gürrüň berdi.

“Haçan-da akkumulýator bilen bagly nähilidir bir näsazlyklar ýüze çykyp başlanda, täze telefony almak barada pikir etmek bolar. Smartfondan işjeň peýdalanýan adamlar bir ýyl geçenden soň, batareýiň zarýady az saklaýandygyny ýa-da gyzyp başlaýandygyny görýärler” – diýip, ol düşündirýär.

Ýöne batareýi çalyşmak diňe wagtlaýyn kömek edip biler. Üstesine-de, çalşylan akkumulýator täze ýaly işlemez, birnäçe aý geçenden soň, ol edil köne ýaly bolup başlar diýip, Kuskow sözüniň üstüni ýetirýär.

“Gowşak akkumulýatorly telefony birnäçe wagtlyk ulanyp bolýan bolsa-da, programmasyz oňup bolmaz. Eger siz telefonyň goşmaça ýüklemelerden baş çykaryp bilmeýändigini, programmalaryň doňup ýa-da öçüp başlandygyny görseňiz, onda telefony çalyşmalydyr” – diýip, ol belledi.

Smartfonuň modeli taýdan könelmegi barada aýdylanda, bu tarap, esasan, gajetiň eýesine bagly bolýar. Eger-de smartfonuň eýesi diňe täze önümleri ulanýan bolsa, onda telefonuň könelmegi ýylda bir gezek, hatda iki gezek hem ýüze çykýar diýip, Kuskow sözüni jemledi.

düýn 14:18
5.4k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.2k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......