Adamyň beýnisi täze sözi iki sagadyň içinde ýatda saklaýar

  • 19.09.2020 17:34
  • 9.9k+

Adamyň beýnisine täze sözi öwrenmek üçin bir sagatdan iki sagada çenli wagt gerek bolýar. Şeýle netijä Ylmyň we tehnologiýanyň Skolkowo institutynyň (Russiýa) işgärleri geldiler. Özleriniň geçiren barlaglaryny olar “Frontiers in Neuroscience” žurnalynda neşir etdiler. Bu barada tnv.ru habar berýär.

Öň adamyň beýnisi täze maglumaty diňe bir gije ukudan soň ikinji gün ýatda saklamaga ukyply bolýar diýlip hasaplanylýardy. Rus alymlaryna bu teoriýany ýalana çykarmak başartdy.
Olar ýörite döredilen sekiz sany oýlanyp tapylan sözleri ýat tutmaly bolan 24 adamyň gatnaşmagynda tejribe geçirdiler. Dört sany söz hakyky sözlere meňzeýärdi (asyl manysy bar), galan dördüsi hiç hili many aňlatmaýardy.
Soňra iki sagadyň içinde alymlar tejribeden geçýänleriň beýnisiniň işleýşini seljerdiler. Olar özlerinden öňküler ýaly beýniniň haýsy-da bolsa anyk bir ýerini däl-de, neýron işjeňliginde bolup geçýän islendik üýtgeşmeleri öwrendiler. Netijeler şeýle wagt böleginiň täze sözleri özleşdirmek üçin ýeterlikdigini görkezdiler. Şol bir wagtyň özünde, yşaratlar bilen utgaşdyrylýan sözler has çalt ýatda saklanylýar.
Bu sözleriň gysga möhletli ýadyň (gippokamp) gurluşlaryndan aýlanyp geçip, gönüden-göni beýni korteksi tarapyndan özleşdirilýändigini görkezýär. Mundan başga-da, bu täze sözler öwrenilende semantika bilen fonetikanyň arasynda berk baglanyşygyň bardygyny görkezýär. Alymlar geçirilen tejribe dil we gepleýiş ösüşi bozulan çagalary bejermäge, şeýle-de ulular üçin daşary ýurt dillerini öwrenmäge kömek eder diýip pikir edýärler.

12.05.2026 15:08
4k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.5k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....