Kelem, ýogurt we gatyk koronawirusa garşy goragy ýokarlandyrýar — fransuz alymlary

  • 03.08.2020 08:16
  • 20k+

Fransiýanyň Montpelýer uniwersitetiniň alymlary immunitet ulgamyny güýçlendirýän we koronawirus ýokanjyndan goranmaga kömek edýän önümler hökmünde duza ýatyrylan kelemi, ýogurdy we gatygy belläp geçdiler.

Fransuz hünärmenleri koronawirus ýokuşma ähtimallygynyň iýmitleniş bilen baglanyşygy bilen gyzyklandylar we COVID-19-dan pidalarynyň sany az bolan ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň nahar sanawyny, ýagny menýusyny öwrenmek kararyna geldiler. Bu barada “The Sun” gazetine salgylanyp, “Izwestiýa” habar berýär.
Koronawirus ýokuşan köp sanly hassanyň infeksiýadan gutulýan ýurtlary bolan Germaniýada we Günorta Koreýada adamlar, köplenç, duza ýatyrylan kelem we kimçi iýýärler. Olaryň düzüminde immunitet ulgamyny güýçlendirýän antioksidantlar bar. Antioksidantlar ýokançlygyň bedene girmeginiň öňüni alýar we koronawirusyň agyr geçmek ähtimallygyny peseldýär.
Gresiýada, Bolgariýada we Türkiýede hem koronawirusdan pida bolmagyň pes derejesi hasaba alyndy. Bu ýurtlaryň ilatynyň gündelik iýmitine ýogurt we gatyk girýär. Bu iýmitleriň koronawirusyň öňüni alyp biljekdigi, olarda antioksidantlaryň hem bardygy, ýöne çig ýa-da fermentlenen kelemdäkiden azdygy bellenilýär.
Geçirilen tejribeleriň netijesinde, gözlegçiler iýmit koronawirusa garşy immun goraglylygynda halklaryň arasynda esasy tapawut bolup biler diýen netijä geldiler.
Dünýäde täze koronawirusa ýokuşan adamlaryň umumy sanynyň eýýäm 17,9 million adama ýetendigini, şolardan 685 müň adamyň pida bolandygyny ýatladýarys. Soňky maglumatlara görä, koronawirus ýokuşma sany boýunça öňdeligi henizem ABŞ eýeläp gelýär, onda häzire çenli 4,71 million ýokuşma, 157 pida hasaba alyndy. Mundan başga-da, iýul aýynda COVID-19 infeksiýasynyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 1,8 milliona çenli ýa-da 66% artdy.

Öň, Ýewropada ýaşlaryň arasynda COVID-19 bilen keselleme sanynyň artýandygy barada habar beripdik.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......