Putine Russiýanyň gününi baýram etmegiň senesini 1-nji iýula geçirmegi teklip etdiler

  • 09.07.2020 00:55
  • 7.7k+

Prezident Wladimir Putine Russiýanyň gününi baýram edip bellemegi 12-nji iýundan 1-nji iýula geçirmek barada teklip hödürlenildi. Bu barada RT telekanalyna täze başlangyjyň awtory, Jemgyýetçilik palatasynyň agzasy, Milli ata-eneler komitetiniň başlygy Irina Wolynes gürrüň berdi. Muny lenta.ru habar berýär.
Ol 1-nji iýuly döwlet baýramçylygy we dynç güni diýip yglan etmek pikiri bilen çykyş etdi. Onuň aýtmagyna görä, bu Konstitusiýa özgertmeler girizmek boýunça ses berlenden soň mümkin boldy. Onuň pikiriçe, 12-nji iýun ýurduň raýatlarynyň köpüsinde ýurduň garaşsyzlyga eýe bolmagy bilen däl-de, SSSR-iň dargamagy bilen utgaşýar.
1-nji iýulda Russiýada Konstitusiýa boýunça ählihalk ses bermäniň jemleýji güni geçirildi. Esasy Kanuna düzediş girizmek boýunça ses berme ilkibaşda 22-nji aprelde geçirilmelidi. Ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli ol 25-nji iýundan 1-nji iýul aralygynda geçdi. Gatnaşyk, takmynan, 65 göterime ýetdi. 100 göterim býulleteni işlemegiň netijeleri boýunça, düzediş üçin raýatlaryň 77,92 göterimi ses berdi, 21,27 göterimi garşy boldy. 4-nji iýuldan düzedişler güýje girdi.
Russiýanyň güni ýurtda 12-nji iýunda bellenilýär, 1991-nji ýylda ol iş güni däl diýlip yglan edildi. Sene 1990-njy ýylda RSFSR-iň döwlet garaşsyzlygy barada Jarnamasynyň kabul edilmegine gabat getirildi. Köp adamlaryň ony “Russiýanyň Garaşsyzlyk güni” diýip atlandyrýandygyna garamazdan, 2002-nji ýyldan bäri ol “Russiýanyň güni” adyny göterýär.

düýn 20:17
3.7k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......