HYTAÝDA OKUW
RESMI UGUR GÖRKEZME WE DOLY GOLDAW HYZMATLARY
Biziň kompaniýamyz talyplara Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde ýokary bilim almak üçin professional ugur görkezýän bilim maslahat merkezidir.
Biz Türkmenistanda ýerleşýän “Bilimli Gelejek” hususy kärhanamyz we Hytaýda ýerleşýän 上海必基国际贸易有限公司 kompaniýamyzyň üsti bilen talyplara resmi we ygtybarly hyzmatlary hödürleýäris.
Her iki kompaniýa hem biziň dolandyryşymyza degişli bolup, talyplara Hytaýda bilim almak üçin doly goldaw berýär.
Biziň esasy maksadymyz — talyplaryň Hytaýda ygtybarly, resmi we amatly ýagdaýda ýokary bilim alyp başlamagyny üpjün etmekdir.
HYTAÝDA OKUW — GELJEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI
Hytaý häzirki wagtda dünýäniň iň güýçli ykdysady we tehnologiki merkezleriniň biri bolup durýar.
Hytaý uniwersitetleri talyplara diňe ýokary hilli bilim däl, eýsem halkara tejribe we giň mümkinçilikler berýär.
BIZIŇ HYZMATLARYMYZ
Biz talyplary aşakdaky hyzmatlar bilen üpjün edýäris:
• Hytaý uniwersitetleri boýunça şäher, ugur we okuw tölegleri barada giňişleýin maslahat
• Talyp üçin iň amatly okuw programmasyny saýlap bermek
• Ähli resminamalary taýýarlamaga ýardam etmek
• Uniwersitet bilen göni aragatnaşyk we kabul prosesiniň dolandyrylmagy
• Resmi kabul hatyny (Priglaşeniýa) alyp bermek
• Okuw we ýaşaýyş jaý töleglerini bank üsti bilen tölemek üçin gerekli bolan resminamalary uniwersitetden alyp bermek
• Wiza resminamalary boýunça doly maslahat
• Ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek
• Uçuş we ýol boýunça maslahat hyzmatlary we biletleri alyp bermek
• Hytaýa baranda talyplary garşy almak we ýerleşdirmek
• Okuw döwründe yzygiderli maslahat hyzmatlary
OKUW GÖRNÜŞLERI
Hytaý dili okuwlary
Hytaý dilini öwrenmek isleýän talyplar üçin dürli derejedäki dil kurslary.
6 aýlyk we 1 ýyllyk ýokary bilim programmalary.
Biz talyplary 6 aýlyk we 1 ýyllyk podkurs derejesine ösen şäherlerindäki ýokary okuw jaýlaryna ýerleşdirýäris, bu okuw jaýlary hytaý dilini gysga wagtyn içinde doly öwrenmäge uly kömek berýär.
Bakalawr
4–6 ýyllyk ýokary bilim programmalary.
Biz talyplary göni 1-nji kursdan ýerleşdirýäris, bu bolsa wagt ýitirmän göni ýokary bilim ýoluna başlamak mümkinçiligini berýär.
Magistratura
Ýokary bilim diplomy bolan talyplar üçin magistratura programmalary.
Stipendiýa mümkinçilikleri
Käbir uniwersitetlerde talyplar üçin:
• okuw töleginiň ýeňillikleri
• ýaşaýyş jaý goldawy
• stipendiya mümkinçilikleri bar
UNIWERSITETLER BILEN HYZMATDAŞLYK
Biziň kompaniýamyz Hytaýyň dürli şäherlerinde (Shanghai, Guangzhou, Hangzhou, Nanjing, Jinan, Chengdu, Shantou...) ýerleşýän 10-dan gowrak uniwersitetler (Togji univ, Shanghai Normal univ, SUFE, Shanghai univ, USST, Shandong univ, Nanjig univ, Nanjing Normal univ, NUIST, Shantou univ, Zhejiang Chinese Medical univ...) bilen resmi hyzmatdaşlykda işleýär.
Bu hyzmatdaşlyk talyplara has ygtybarly we tiz kabul mümkinçiliklerini döredýär.
BIZIŇ ARTYKMAÇLYKLARYMYZ
• Türkmenistanda we Hytaýda ýerleşýän ofisler
• Uniwersitetler bilen göni hyzmatdaşlyk
• Resminamalaryň professional taýýarlanmagy
• Talyplary göni 1-nji kursdan ýerleşdirmek
• Hytaýda garşy almak we ýerleşdirmek hyzmaty
• Okuw döwründe hem dowam edýän maslahat hyzmatlary
OFISLERIMIZ
• Mary şäheri Türkmenistan köçesi Marguş oteli
• Hytaý Halk Respublikasy, Şanhaý şäheri, Ýaňpu şäherçesi
HABARLAŞMAK ÜÇIN
tel: +993 71 06 28 48
imo: +993 71 06 28 48
Wechat/WhatsApp: +86 13661650068
Bilimli Gelejek — siziň geljegiňiz üçin ygtybarly hyzmatdaş. OFISLERIMIZ
• Mary şäheri Türkmenistan köçesi Marguş oteli
• Hytaý Halk Respublikasy, Şanhaý şäheri, Ýaňpu şäherçesi
HABARLAŞMAK ÜÇIN
tel: +993 71 06 28 48
imo: +993 71 06 28 48
Wechat/WhatsApp: +86 13661650068
Bilimli Gelejek — siziň geljegiňiz üçin ygtybarly hyzmatdaş.