logo
VIP

Satyjy gyz gerek

  • 16 sag öň
  • Aşgabat / Podwoýski köç. (Bitarap Türkmenistan şaýoly)
  • 778
  • 5

Düşündiriş

Salam. Tekstil dükanymyza ýaşajyk satyjy gyz gerek. Mekdep okuwçy, talyp, gelin biziň işimize gabat gelenok, bagyşlaň. Diňe iş wagtynda doly hemme ünsüni bize aýryp biljek, hyjuwly, mylakatlyja gyz gerek. Günortanlyk naharyny, çaý-kofesini özümiz berýäs. Gowy, agzybir kollektiwe gelýäňiz, işdeşleriňiz göwnaçyk, degişgen. Göwne degip, ynjydýan ýok. Iş wagtymyz 11:00-20:00 aralygy. Işimiz agyr däl, marketlardaky ýaly uzakly gün aýak üstünde durmaly däl. Köplenç öýe ýadaman gaýdýaňyz. Hepdäniň 7 günem iş. Aýda 2 gün tölegli rugsat berýäs. Soňam durmuş meselesi bilen galsaňyz ylalaşýas, aňsat aýlygyňyzdan kesemzok. Aýlyk tölegi, başlangyç 2500 manat. Başda synag möhleti bilen alýas. Özüňizi alyp barşyňyza, işe girişişiňize, dükanymyza getirjek peýdaňyza baglylykda 3 aýdan soň aýlyk tölegiňize täzeden seredýäs. Aýlygyňyzy isleseňiz aýyň soňunda bir gezek ýa-da ikä bölüp aýda iki gezek berip bilýäs. Näme iş etmeli? * Birinji wezipesi, dükanymyza gelýän müşderilere güler ýüz bilen, edeplije hyzmat etmeli. Harytlarymyzy açyp görkezmeli, tanyşdyrmaly, dükanyň beýleki işlerine kömekleşmeli. *Ikinji wezipesi, internet sahypalarymyz üçin harytlarymyzy tanyşdyryp wideo düşmeli. Wideolarymyzda gykylyklaşyp, dawalaşyp adamlaryň ünsüni çekjek bolamzok. Özüňizi asyllyja alyp barýaňyz. *Hem satyjylyk etmegi, hem wideo düşmegi başda özümiz gowy düşündirip öwredýäs. Nähili işgär gözleýäs? Dogumlyja, özüne göwni ýetýän, höwes bilen, hyjuwly işlejek, jogapkärçilikli gyz gözleýäs. 5-6 aýlyk däl, birnäçe ýyllyk işgär gerek, biz bilen näçe köp ýol geçdigiňizçe, şonçada şertleriňizi gowlaýas. Işe wagtly wagtyna, gijä galmanjyk gelip gitmeli. Daşary ýurt dilleri bilmegiňiz has hem peýdaly. Öň iş tejribäňiz bar bolsa ýene plýus. Dükanyň salgysy, Podwoýskiý köçede. Gyzyklansaňyz, doly okap bolanyňyzdan soň jaň ediň, sms ýazmaň.

Kategoriýa : Iş we Işgär / Işgär gözleýän
Iş ugry : Söwda we dükanyň işi
Bildirişi goýan : Eýesi
Iş sagady : Doly iş gün
Bahasy : 2.500 TMT
Ýeri : Aşgabat / Podwoýski köç. (Bitarap Türkmenistan şaýoly)
Telefon belgi : Görkez
Aşgabat / Podwoýski köç. (Bitarap Türkmenistan şaýoly) / 16 sag öň

Meňzeş bildirişler

Satyjy gerek

Türkmenabat

12 sag öň

Teleconference magazina satyjy gyz gerek. 18-30 ýaş aralygynda. Galan ...

Ofisant Gyz gerek Kafe

"Berkarar" SDAM

13 sag öň

Kafe Ofisant gyz gerek on islap goren isini bilyan zakaz alyp onaryan ...

SATYJY GYZ

G.Kuliýew köç. (Obýezdnoý)

17 sag öň

SATYJY GYZ GELIN GEREK! ISLEMELI WAGTY 09:00- 18:30 çenli Aýlykdan daş...

Satyjy isgar gerek.

Parahat 7

20 sag öň

Salam bize satyjylar gerek oglan gyz gelin talyp tapawdy yok himya kos...

salona iskar gyz gelin gerek

Gurtly

20 sag öň

SPA salona iskar gyz gelin gerek is bilmese owretyas is 50 % praset...

Meňzeş satyjylar

RESMI KEPIL
RESMI KEPIL
  • ÄTIÝAÇLANDYRYŞ KOMPANIÝASY

  • Biznes profil
"AK KAGYZ" foto, mekdep we ofis harytlary merkezi.
"AK KAGYZ" foto, mekdep we ofis harytlary merkezi.
  • AK KAGYZ" foto, mekdep we ofis harytlarynyñ giñ toplumyny iñ arzan bahalardan öz müşderilerine hödürleýär. Söwda lomaý we bölekleýin, şeýle hem nagt ýa-da hasapdan hasaba hem amala aşyrylýar. Habarlaşyñ, siz üçin gyzykly bolup biler!

  • Biznes profil
Kitap Bilim Merkezi
Kitap Bilim Merkezi
  • Kitap Bilim Merkezi 5 ýaşdan ýokary çagalara we ýetginjeklere bilim berýän bilim merkezi

  • Biznes profil
YONEKEY - Hytaý Türk Okuw
YONEKEY - Hytaý Türk Okuw
  • Hytaý we Türkiýe uniwersitetlerine kabul boýunça ähli tapgyrlary — resminama, wiza we ýerleşdirme prosesini bir nokatdan doly hyzmat edýäris.

  • Biznes profil
SHIRedu & MStour
SHIRedu & MStour
  • Dünyaniň iň ösen yurtlarynyň biri bolan Hytay Halk Respublikasynda Okamak isleseňiz biz bilen habarlaşyp bilersiňiz!

  • Biznes profil
CURIOOKIDS "Bilesigeliji Ýaşlar" H.K
CURIOOKIDS "Bilesigeliji Ýaşlar" H.K
  • 6 ýaşdan 14 ýaşa çenli çagalara iňlis dili bilen bilelikde iňlis dilinde tehnologiýa, döredijilikli dizaýn, telekeçilik ukyby ugurlary hem öwredilýär.

  • Biznes profil