Mesele çagañyzdamy ýa-da Sizde?
Häzirki döwürde ene-ata bolmagyñ kynçylyklary!
Biz çaga psihologiýasyna we olaryñ duýgularyna ýokary derejede üns berip başlan ilkinji nesil!
Häzirki döwürdäki nesilleriñ arasyndaky tapawut ýetip biljek iñ ýokary derejesinde. Biz köplenç çagalarymyzy ýaltalykda we gadjetlere baglylykda günäkärleýäris. Ýöne, asyl mesele dünýäniñ biziñ terbiýeçilik metodikamyzdan has çalt üýtgemeginde.
•Sanly ulgam böwedi
Gadjetler çagalar üçin ene-atadan soñky hossara öwrüldi. Häzirki nesil janly gepleşigiñ ýerine dar wirtual dünýäni seçýärler, ulular bolsa, çaganyñ ünsüni çekmek üçin smartfonlar bilen nähili ýaryşmalydygyny bilenoklar.
•Awtoritetiñ ýitmegi.
"Diñle, men uly" modeli indi işe ýaramaýar. Häzirki çagalar delilleri we aç-açanlygy talap edýär. Muña bolsa ene-atalar entek taýyn däl.
•Duýgy intellekti iñ pes derejede.
Çagalar ýokary derejede tehnologiýalary ulanyp bilýärler, ýöne duýgularyny tanamakda kynçylyk çekýärler. Sosial mediýadan geregini almasalar stress,kritika we içgysmadan kösenýärler.
•Gymmatlyklaryñ dürlūligi.
Biz "gerek bolany üçin" diýen düşünjede ulaldyk, täze nesil "isleýänim üçin" diýip ulalýar. Bu bolsa okuw, öý işleri we geljek üçin maksatlarda ene-ata we çaga arasynda uly konfliktleri döredýär.
Biziñ kursumyz ene-atalara nähili kömek edip biler.?
Üýtgeşmeleriñ örän çalt bolup geçýän bu döwründe çaga ýetişdirmegiñ nähili agyr işdigine düşünýäris. Biziñ kursumyz size bu kynçylyklary añsatlaşdyrmak üçin köpri bolup hyzmar eder.
Biz size şu aşakdaky kömekleri hödürleýäris:
•Gadjetleri, smartfonlary ýerlikli peýdalanmagy, uruşsyz, göz ýaşsyz öwretmek.
•Täsirli dialog gurmagyñ ýollary. Öz pikiriñi dogry şekilde paýlaşyp bilmek.
•Psihiki we mental deñagramlylyk. Öz isleýän zatlaryna dogry düşünip, maksat goýup bilmek.
•Daş-töwerek bilen arabaglanyşykda işläp bilmek. Konfliktleri iki tarap üçin hem peýdaly gatnaşyga öwürip bilmek ukyby.
Mesele sizde-de däl, çagañyzda-da. Mesele dogry işleýän ýollary we gurallary tapmakda.
Curiookids bolsa bu işiñizde size ýardam bermek üçin siziñ ýanyñyzda.
N.Gullayev (Nagina) 33
+99371803535
+99371806565
