logo
CURIOOKIDS "Bilesigeliji Ýaşlar" H.K
Logic and Numeracy
Logic and Numeracy

Ашхабад

17.06.2025

Logic and Numeracy sapagy Simmetriýa mysalyny işläp otyran pursatlary...

Curioo IT Academy
Curioo IT Academy

Ашхабад

22.05.2025

Curioo IT Academy - Python Programmirleme (Proýekt Esasly)...

Web Programmirleme
Web Programmirleme

Ашхабад

23.05.2025

Saýt tehnologiýasyny täze öwrenýänler üçin: HTML ulgamyny özleşdirmek,...

Web Programmirleme - 2
Web Programmirleme - 2

Ашхабад

23.05.2025

Javascript Web programmirleme dilini CodeHS ulgamy bilen çalt depginde...

Ýazylyşyklarymyz dowam edýär
Ýazylyşyklarymyz dowam edýär

Ашхабад

15.08.2025

Curiookids okuw merkezimizde güýz tapgyryna ýazylyşyklarymyz dowam...

Curioo Global English Cource
Curioo Global English Cource

Ашхабад

22.05.2025

CuriooKids Okuw Merkezine Hoş Geldiniz !...

Sapaklarymyz
Sapaklarymyz

Ашхабад

15.05.2025

Geçilýän sapaklarda çagalar gyzykly wagt geçirip bilim alýarlar....

Python programmirleme kursy
Python programmirleme kursy

Ашхабад

02.08.2025

Python programming kursy Habarlaşmak üçin +99371803535 +99371806565 ...

Все объявления

Описание

Mesele çagañyzdamy ýa-da Sizde?

Häzirki döwürde ene-ata bolmagyñ kynçylyklary!

Biz çaga psihologiýasyna we olaryñ duýgularyna ýokary derejede üns berip başlan ilkinji nesil!

Häzirki döwürdäki nesilleriñ arasyndaky tapawut ýetip biljek iñ ýokary derejesinde. Biz köplenç çagalarymyzy ýaltalykda we gadjetlere baglylykda günäkärleýäris. Ýöne, asyl mesele dünýäniñ biziñ terbiýeçilik metodikamyzdan has çalt üýtgemeginde. 

•Sanly ulgam böwedi

Gadjetler çagalar üçin ene-atadan soñky hossara öwrüldi. Häzirki nesil janly gepleşigiñ ýerine dar wirtual dünýäni seçýärler, ulular bolsa, çaganyñ ünsüni çekmek üçin smartfonlar bilen nähili ýaryşmalydygyny bilenoklar.

•Awtoritetiñ ýitmegi.

"Diñle, men uly" modeli indi işe ýaramaýar. Häzirki çagalar delilleri we aç-açanlygy talap edýär. Muña bolsa ene-atalar entek taýyn däl.

•Duýgy intellekti iñ pes derejede. 

Çagalar ýokary derejede tehnologiýalary ulanyp bilýärler, ýöne duýgularyny tanamakda kynçylyk çekýärler. Sosial mediýadan geregini almasalar stress,kritika we içgysmadan kösenýärler. 

•Gymmatlyklaryñ dürlūligi.

Biz "gerek bolany üçin" diýen düşünjede ulaldyk, täze nesil "isleýänim üçin" diýip ulalýar. Bu bolsa okuw, öý işleri we geljek üçin maksatlarda ene-ata we çaga arasynda uly konfliktleri döredýär. 

Biziñ kursumyz ene-atalara nähili kömek edip biler.?

Üýtgeşmeleriñ örän çalt bolup geçýän bu döwründe çaga ýetişdirmegiñ nähili agyr işdigine düşünýäris. Biziñ kursumyz size bu kynçylyklary añsatlaşdyrmak üçin köpri bolup hyzmar eder. 

Biz size şu aşakdaky kömekleri hödürleýäris:

•Gadjetleri, smartfonlary ýerlikli peýdalanmagy, uruşsyz, göz ýaşsyz öwretmek.

•Täsirli dialog gurmagyñ ýollary. Öz pikiriñi dogry şekilde paýlaşyp bilmek. 

•Psihiki we mental deñagramlylyk. Öz isleýän zatlaryna dogry düşünip, maksat goýup bilmek.

•Daş-töwerek bilen arabaglanyşykda işläp bilmek. Konfliktleri iki tarap üçin hem peýdaly gatnaşyga öwürip bilmek ukyby.

Mesele sizde-de däl, çagañyzda-da. Mesele dogry işleýän ýollary we gurallary tapmakda. 

Curiookids bolsa bu işiñizde size ýardam bermek üçin siziñ ýanyñyzda.

N.Gullayev (Nagina) 33

+99371803535

+99371806565