2.3k+

Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 413 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň hem-de Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar...

3.1k+

San-Sebastýandaky kinofestiwalyň ýeňijileri yglan edildi

Ispaniýanyň San-Sebastýan şäherinde 73-nji halkara kinofestiwaly tamamlandy. Baş baýragy – “Altyn balykgulagy” ispaniýaly režissýor Alauda Ruis de Asuanyň “Ýekşenbe günleri” (Los domingos) dramasy aldy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär...

14k+

Hytaýda dünýäde iň beýik asma köpri açyldy

Hytaýyň Guýçžou welaýatynda awtomobil hereketi üçin Huaszýan jülgesiniň üstünden geçýän asma köpri açyldy. Köpriniň ýol düşeginden Beýpan derýasynyň akýan jülgesiniň düýbüne çenli aralyk 625 metr boldy, bu hem ony dünýäde iň beýik köprä öwürýär diýip, CNA habar berýär...

13k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (29.10 - 05.10)

Türkmenistanda şu hepdede howanyň temperaturasynyň kem-kemden peselmegine garaşylýar, käbir ýerlerde bolsa ýagyş ýagmagy mümkin. Gije-gündiziň dowamyndaky howanyň ortaça temperaturasy +35 gradusa çenli aralykda üýtgär...

3.6k+

Amazon müşderileri aldawa salandygy üçin 2,5 milliard dollar jerime tölemäge borçly edildi

Amerikanyň Federal Söwda Komissiýasy (FTC) Amazon kompaniýasyny müşderileri aldaw bilen Prime abunasyna goşandygy üçin jogapkärçilige çekdi. Netijede kompaniýa 2,5 milliard dollar möçberinde jerime tölär. Şol puluň 1 milliardy ABŞ hökümetine jerime hökmünde, 1,5 milliardy bolsa zyýan çeken müşderilere öwez tölegi hökmünde berler...

4.2k+

Kümşüň bahasy soňky 14 ýylda ilkinji gezek 47 dollardan geçdi

Kümşüň bahasy soňky 14 ýyl dört aýda ilkinji gezek bir unsiýa üçin 47 dollardan geçdi. Duşenbe güni Comex biržasynda dekabr aýyndaky üpjünçilik bilen kümüş üçin fýuçersler 1,62% gymmatlap, iň ýokary derejesinde bir unsiýa üçin 47,41 dollara ýetdi...

8.4k+

Arkadag şäherinde bejergi alýan we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik nygmatlary gowşuryldy

Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan hem-de Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik nygmatlary gowşuryldy. Süýjülikler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan berildi diýip, “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär...

3.1k+

Serdar Berdimuhamedow “IGN FI” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

28-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “IGN FI” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumo bilen duşuşdy. Myhman baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Işewür Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýändigini hem-de Aşgabadyň, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň özünde uly täsirleri galdyrandygyny buýsanç bilen belledi...

4.8k+

Jeýms Kemeronyň “Awatar: Ot we kül” filminiň täze treýleri çykdy

Resmi Avatar YouTube kanalynda Jeýms Kemeronyň “Awatar: Ot we kül” filminiň ikinji treýleri peýda boldy. Franşizanyň üçünji bölüminiň premýerasy 19-njy dekabra meýilleşdirilýär. Täze bölümde tomaşaçylar ilkinji gezek Kül obasyny – Mangkwan urugynyň öýüni görer...

3.2k+

“Doga 4” 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan horror filmi boldy

“Doga 4: Soňky dessurlar” (Заклятие 4: Последний обряд) filmi 2025-nji ýylyň iň girdejili horrory boldy. MovieWeb portalynyň maglumatlaryna görä, ol üç uikendiň dowamynda prokatda 400 mln dollar ýygnady we öz kassa ýygymyny artdyrmagy dowam edýär...

4k+

Volkswagen Germaniýadaky zawodlarynda önümçiligi wagtlaýyn togtadýar

Ýewropanyň iň uly awtoöndürijileriniň biri bolan Volkswagen elektromobil önümçiliginiň möçberini azaldýar we Germaniýadaky iki zawodynyň işini wagtlaýyn togtadýar. Kompaniýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, Swikkaudaky zawod 6-njy oktýabrdan başlap bir hepdelik awtomobil önümçiligini bes eder...