Uly adron kollaýderi ilkinji gezek gurşuny altyna öwürdi

  • 12.05.2025 07:19
  • 6.3k+

Fizikler dünýäniň iň güýçli elementar bölejik tizlendirijisi bolan Uly adron kollaýderinde ilkinji gezek gurşuny altyna öwürmegi başardylar. Bu barada «Newsweek» habar berýär.

Asyrlarboýy «hrizopeýa», ýagny gurşuny altyna öwürmek mümkin däl diýip hasap edildi. Bu iki metal agram taýdan meňzeş bolsalar-da, atom derejesinde tapawutlydylar, şol sebäpden hem olary himiki usullar arkaly biri-birine öwürmek mümkin däldi. Emma Ýewropanyň ýadro gözlegleri boýunça guramasynda (CERN) geçirilen synaglar munuň mümkindigini subut etdi.
Synaglaryň esasy maksady – maddanyň örän gyzgyn we dykyz ýagdaýy bolan kwark-glýuon plazmasyny döretmekdi. Alymlaryň pikirine görä, Älem Uly partlamadan soň şu plazmadan doly bolupdyr.
Synaglaryň dowamynda, gurşun ýadrolary ýagtylygyň tizliginiň 99,999993%-ine çenli tizlendirildi. Ýadrolar biri-biri bilen çaknyşjak ýaly bolýardylar, ýöne soňky pursatda sowlup geçip gidýärdiler. Netijede, fotoýadro reaksiýalary başlanýardy. Seýrek ýagdaýlarda bu reaksiýalar gurşun ýadrolarynyň (82 protonly) üç proton ýitirip, altyna (79 protonly) öwrülmegine sebäp bolýardy. Bu proses her sekuntda 89 müň öwrüliş tizligi bilen bolup geçýärdi, ýöne döreýän altyn atomlary tiz dargap gidýärdi.
Her näçe alymlar gurşuny altyna öwürmegiň mümkindigini subut etseler-de, önümçilik üçin UAK-ni ulanmak gowy pikir däl. Sebäbi, synaglaryň dowamynda alnan altynyň mukdary örän ujypsyz, hatda bir ýüzük ýasamak üçin zerur bolan mukdardan hem trillionlarça esse az. Gymmat bahaly metalyň diňe bir gramyny öndürmek üçin, kollaýder kwadrillionlarça ýyllap işlemeli.


düýn 08:10
4.6k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......